«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023
Nesil adamzadyň tutuş taryhyny we ertirki gününi şöhlelendirýär. Nesil ynsanyň miwesi. Onuň ýaşan ömründe gazanan ähli zadynyň önümi. Munuň içine şol ynsanyň durmuş tejribesi-de, aň kämilligi-de, pikir-düşünjesi-de, dünýägaraýşy-da, başarnygy-da girýär. Islendik adamyň ýa bolmasa halkyň neslinden onuň durmuşda näderejede kemala gelendigini, haýsy ýörelgä eýerýändigini, däp-dessurlara goýýan hormatyny, geljege bolan garaýşyny we ýene-ýeneleri görmek bolýar. Nesil — aýna. Ol seniň özüňi, sende aç-açan görünmeýän zatlary aýdyňlygy bilen görkezýär...