Rowaçlyklaryň gözbaşy

27 Dekabr 2023
679

Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin uly tagallalar edilýär. Ähli amatlyklary bolan bilim ojaklarynyň sany barha artýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmaga, bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän uly işler geljegimiz bolan ýaş nesilleriň düşünjeli, maksada okgunly, döredijilikli pikirlenýän, sanly tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän adamlar bolup ýetişmekleri barada edilýän aladanyň nyşanydyr. 

Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň maksady ýaş nesilleriň ähli taraplaýyn kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin oňat şertleri döretmekden ybaratdyr. Bilim edaralaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bolsa, eziz Diýarymyzyň daýanjy bolan ýaş nesillere berilýän bilim-terbiýäniň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirilmegini üpjün edýär.

Maýsa AMANGELDIÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň mugallymy.