Sanly bilim ulgamy – täzeçil ösüşleriň özeni

3 Ýanwar 2024
418

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenip tamamlanan 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň ýaşlaryna bildirilýän uly ynamdyr. Bu Garaşsyzlyk ýyllarynyň ruhunda terbiýelenen ýaşlaryň ylmyna, bilimine, giň dünýägaraýşyna, watansöýüjiligine, döredijilikli zähmetine goýulýan hormat-sarpadyr. Bu ajaýyp eýýamda ylymda, bilimde, ykdysadyýetde we beýleki ugurlaryň ählisinde mynasyp zähmet üstünlikleri gazanyp, ýurdumyzy ösüşlere beslemek biziň borjumyzdyr. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Döwletimiziň ähli ýokary, orta hünär we başlangyç okuw mekdeplerinde “Sanly bilim ulgamy” atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklary, internet bäsleşikleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir.