Bilimli nesil — kuwwatly Watan

28 Dekabr 2023
565

Okuw-usuly maslahat geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň sagdyn ösmegi, çuňňur bilim we mynasyp terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, okuw maksatnamalarynyň we okuw kitaplarynyň, okuw-usuly gollanmalarynyň kämilleşdirilmegine, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, düýpli hünär öwrenmegine uly üns berilýär. Hut şu maksat bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň meýilnamasy boýunça 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň birinji ýarym ýyllygynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde okuw-usuly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle maslahatlar welaýatymyzda ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinde hem guramaçylykly geçirildi.