Kämillik mekdebi

27 Dekabr 2023
588

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli işleriniň netijesinde ýaşlar hakynda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyz «Iň gymmatly hazyna terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Ata-babalarymyz hemişe ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden saglygyna we ruhy kämilligine uly üns beripdir. Bilim almagyň, hünär öwrenmegiň saglygyňa, bedeniňe we ruhy terbiýäňe uly täsiri bar. Bu ýörelge gadymdan gelýän nusgadyr. Şol ýörelgelerden ugur alyp, ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler döredilýär. Munuň üçin bagtyýar neslimiziň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarynyň çägi ýok. Çünki ylym-bilim ulgamyny belent sepgitlere ýetirmek hem-de ylmyň dürli ugurlaryndan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary, ussat hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek döwletiň hemmetaraplaýyn ösüş binýadyny berkidýär.

Gülnabat DAŇATAROWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.