Ýaşlyk — ömrüň bahary

2 Ýanwar 2024
504

Berkarar Watanymyz ösüşli ýollarda okgunly öňe barýar we ähli ugurlarda guwandyryjy sepgitlere eýe bolýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen şanly ýylyň ösüş-özgertmeleri hem şeýle diýmäge esas berýär. Tamamlanan ýylda bilim ulgamynda hem köp işler amala aşyryldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda belleýşi ýaly, «Ylym-bilim bagtyýar geljegimiziň mizemez binýatlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga, beden taýdan sagdyn, zehinli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris». Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar talyby hökmünde hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşine berýän üns-aladalaryna örän buýsanýarys.

Tirkiş NEDIROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.