Dil baýlygy ösdürilýär

2 Ýanwar 2024
732

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli bilim ulgamynyň işi we mazmuny kämilleşdirilip, okatmagyň innowasion usullaryna we tehnologiýalaryna, okuw-terbiýeçilik işine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu ugurdan alnyp barylýan işleriň, toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy we maksada okgunlylygy aýratyn bellärliklidir. Daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň hem usulyýeti we usulyýet üpjünçiligi halkara tejribesini öwrenmek arkaly baýlaşdyrylýar. Bu ugurdaky alnyp barylýan işler daşary ýurt dilleriniň okuw meýilnamalaryny, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Daşary ýurt dilleri boýunça hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamy kemala getirilýär. Ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we olaryň öz ene dilinden başga-da dünýä dillerini gowy öwrenmekleri üçin döredilýän ähli şertler bellenmäge mynasypdyr. Ýaşlara daşary ýurt dilleri çagalar bagyndan başlap öwredilýär. Bu bolsa olaryň ertirki günde ylymly-bilimli, kämil hünärmen bolup ýetişmegini şertlendirýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen döredijilikli işler talabalaýyk alnyp barylýar. Daşary ýurt dillerini okatmakda innowasion tehnologiýalaryň kömegi bilen talyplaryň arasynda daşary ýurt dilleriniň hepdeligi, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça testler, temalar boýunça ylmy-amaly maslahatlarda çykyşlar guralýar. Talyplaryň dil medeniýetini ösdürmekde, daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýän talyplaryň sanyny artdyrmakda daşary ýurt kompozitorlarynyň aýdymlary we sazlary ýerine ýetirilýär, bäsleşikler, festiwallar geçirilýär.

Gülşirin OTUZOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy.