"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýokary işjeňlik ýagdaýynda

Birleşmämiziň ilkinji guramalarynda hasabat ýygnaklary badalga aldy. Biz bu möhüm çäräniň ýokary derejede, netijeli geçirilmegine çynlakaý üns bermek bilen, oňa taýýarlykly geldik. Munuň üçin ýörite iş meýilnamasy işlenilip düzüldi. Mundan başga-da ilkinji guramalaryň başlyklary we jogapkär işgärleri bilen ýygnaklary talabalaýyk geçirmek üçin maslahatlar guraldy. Biziň birleşmämizde ilkinji guramalaryň 181-si bolup, olarda Tertipnamalaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar. Geçirilýän ýygnaklarda hasabat döwründe alnyp barlan işler, gazanylan üstünlikler, baglaşylan köpçülikleýin şertnamalaryň berjaý edilişi barada gyzyklanma bilen pikir alşylýar. Ýygnaklara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iri jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşlerine mynasyp goşant goşmak, zähmetkeşleriň hak-hukuklaryny goramak, olaryň zähmet çekmekleri üçin kadaly iş şertleriniň döredilmegini gazanmak ugrunda geljekde-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerini nygtaýarlar. Hasabat ýygnaklarynyň guramaçylykly geçirilmegi ilkinji guramalarymyzyň işleriniň netijeliliginiň has ýokarlanmagyna itergi berer.

Rowaçlanýan bilim özgertmeleri

Ýurdumyzda döwrebap bilim özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň Döwlet standartlary», «Türkmenistanyň bilim edaralarynda terbiýeçilik işleriniň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», şeýle-de olary durmuşa geçirmegiň meýilnamalary, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» ýaly möhüm resminamalaryň üstünlikli hereket etmegi aýdyň görkezýär. Bularyň barysy döwlet tarapyndan we hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky üns-aladanyň aýdyň ýüze çykmasydyr. Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, türkmeniň asylly ruhy-ahlak ýörelgelerine daýanyp, iň häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilim-terbiýeçilik ulgamyna giňden ornaşdyrylýar, ajaýyp bilim-terbiýeçilik, sport-sagaldyş desgalary gurlup ulanmaga berilýär.

Berkarar watanymyzyň buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Gahrymany, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda merdana halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň binýatlaýyn esaslaryny berkidip, beýik geljege tarap ynamly öňe barýar. Ata Watanymyzyň we merdana milletimiziň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin amala aşyrýan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutanýerli yhlasy bilen mynasyp hem döredijilikli dowam etdirilýär. Il-ýurt bähbitli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, bilim pudagyny hem döwrebaplaşdyryp, halkara ölçeglerine laýyk getirmäge ähli esaslary döredýär. Hormatly Prezidentimiz: «Milletimiziň agzybirligi, jemgyýetimiziň jebisligi, ýaş raýatlarymyzyň döredijilikli başlangyçlary bu gün bize içeri we daşary syýasatymyzy sazlaşykly alyp barmaga, döwlet gurluşyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de has-da kämilleşdirmäge oňyn şertleri döredýär» diýip, buýsanç bilen belleýär. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde Merke

Körpe nesillere kämil terbiýe

«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek boýunça 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» terbiýeçilik edaralarynda çagalaryň durmuşyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga, çaganyň irki ýaşdan başlap beden, akyl we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmeklige gönükdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleri üçin giň şertleri döretmegi netijesinde häzirki wagtda bu ugurda tutumly işler alnyp barylýar. Körpeleriň irki ösüş döwri 1 — 3 ýaş aralygyny öz içine alyp, çaganyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Çaganyň bu döwürdäki ösüşi onuň bütin ömrüniň psihologiki aýratynlygyny kesgitleýär. Çagalar hut şu döwürde hereketleri duýmak, pikirlenmek, gürlemek, daşky gurşaw bilen özara gatnaşykda bolmak ýaly başarnyklary ele alýarlar. Çaganyň görüş, eşidiş, syzyş, duýuş ukyplary bolsa onuň aň-düşünjesini ösdürýär. Daş-töweregiň täsiri çaganyň aňynyň ösüşini çaltlandyrýar. Çaga aňynyň ösmegi netijesinde onda daş-töwerek barada durnukly we aýdyň düşünje kemala gelýär, söz baýlygynyň gory artýar, ünslülik, ýatkeşlik, logiki pikirlenme, göz öňüne getirme başarnyklary kämilleşýär.

Kemally kämil nesiller

Ýakynda Aşgabat şäherindäki 29-njy çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýen şygar bilen usuly-amaly okuw geçirildi. Oňa mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin zerur şertler döredilýär. Bu ýerde guralan çykyşlarda usuly-amaly okuwlaryň ýokary netijeliligini üpjün etmekde, ýurdumyzda körpeleriň bagtyýar ýaşamaklary, bilim almaklary üçin bitirilýän beýik işler, öňde durýan wezipeler, şeýle hem 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemini jemlemek we ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Bu ugurda ýurdumyzda beýik işleriň bitirilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Bilim — sazlaşykly ösüşiň çeşmesi

Balkanabat şäheriniň bilim işgärleriniň maslahaty daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýen at bilen geçirildi. Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan sergini synladylar. Öňdebaryjy bilim işgärleriniň gazanan tejribelerini, sapaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan okuw-görkezme esbaplaryny, zehin-başarnykly mekdep okuwçylarynyň taýýarlan işlerini özünde jemleýän sergi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Maslahatda 2023-2024-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda Balkanabat şäheriniň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat çykyşy diňlenildi. Onda nygtalyşy ýaly, ylymdyr bilimiň durmuş ýolunda her bir ynsana üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdygyny aýratyn nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol şert-mümkinçiliklerden üstünlikli peýdalanmak bilen, şäheriň bilim-terbiýeçilik edaralarynda berkarar Watanymyza, il- -günümize wepaly, bilime höwesli, sporty söýýän, ýokary ahlakly nesilleri terbiýelemekde belent maksatlar nazarlanýar. Şäheriň bilim işgärleriniň birleşen tagallalary şeýle asylly maksada ýetmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Olaryň çekýän yhlasly, döredijilikli zähmeti ýaş nesliň

Ýaş mugallymlara nesihatlar

Gaýtalamakdan başlanan sapaklar Murgap etrabyndaky 17-nji orta mekdepde 7-8-nji, şol etrapdaky 18--nji orta mekdebiň 9-10-njy synplarynda türkmen dili we edebiýat dersini okadan Rahman Suwhanowy biz hemişe ýagşylykda ýatlaýarys. Ol mugallym işine jür, galjaň, jepakeş, guramaçy, ýadamany-ýaltanmany bilmeýän diýilýänlerdendi. Rahman mugallymyň okadan dört okuw ýylynda sekiz sany edebiýat agşamyny geçirendigi aýdanymyzy tassyklaýan hakykatdyr. Edebiýat agşamlaryna okuwçylaryň köpçülikleýin çekilmegi, hersine aýratyn ýumuşlaryň tabşyrylmagy olaryň ýüzleriniň açylmagyndan ötri, öwredilýän derse höwesleriniň artmagyna getirýärdi.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Ýaş nesillere bilim hem terbiýe bermekde yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýän, işjanly terbiýeçileriň biri-de Altyn Çaryýewadyr. Altyn mugallym Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, öz saýlap alan hünäri boýunça zähmet ýoluna başlaýar. Ol häzirki wagtda Baýramaly şäherindäki 14-nji çagalar bakja-bagynda işleýär. Zähmetsöýer terbiýeçi çagalaryň zehininiň ýüze çykmagynda taýsyz tagallalary edýär. Ol ýolbaşçylyk edýän toparyndaky çagalar bilen etrap, şäher hem welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşýar. Terbiýeçi çagalar bakja-bagynyň müdiri Bilbil Täçberdiýewa bilen maslahatlaşyp, iş tejribesini günsaýyn baýlaşdyrýar. SURATDA: Altyn Çaryýewa körpeler bilen.

Döwrebap bilim — kämil nesil

Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesle döwrüň talabyna laýyk derejede bilim bermek, olary dürli hünärlere ugrukdyrmak hem-de ata Watanymyza mynasyp ýaşlar edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa döwletimizde ähli şertler döredilendir. Şol mümkinçiliklerden mynasyp peýdalanýan ýaş nesillerimiz ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlaryndan oňat baş çykarýarlar. Munuň özi ata Watanymyzda ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň gözbaşy bolan ylym-bilimiň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Mekdebimizde hem döwrüň talaplaryndan ugur alyp, mugallymlar sapaklaryny täsirli guraýarlar, dürli usullardan, öwrediji oýunlardan, tapmaçalardan, matallardan peýdalanýarlar. Bu bolsa guralýan sapaklaryň netijeli bolmagyna, okuwçylaryň bilime bolan höwesiniň artmagyna, ýatkeşliginiň güýçlenmegine ýardam edýär. Biz — mugallymlar her sapagy özüne çekiji, täsirli guramaklyga hem-de mowzugy okuwçynyň aňyna sada we düşnükli dilde ýetirmeklige çalyşýarys. Öwrediji oýunlaryň kömegi bilen okuwçylarda zähmete, ata Watana söýgi, birek-birege kömek bermek, dosta wepalylyk, edeplilik ýaly ajaýyp häsiýetler terbiýelenilýär.

Zehinli ýaşlaryň täze üstünlikleri

Lebaply mekdep okuwçylarynyň 10-sy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky çagalar baýragyna mynasyp boldy. Şu ýyl bu baýraga ýurdumyz boýunça çagalaryň 70-si we Daşoguz şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň «Nurly Güneş» tans topary mynasyp boldy.

Pederlerden serpaý bize şirin zyban dilimiz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ruhy baýlygymyz bolan ene dilimizi öwrenmek hem-de öwretmek üçin ähli şertleri döredilendir. Şol şertlerden peýdalanyp, bilim işgärlerine - mugallymlara döwrebap işlemek, öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek galýar. Ýurdumyzda ene dilimizi çuňňur öwretmek babatda edilýän işler we bu ugurda döredilýän şertler mugallymlary okatmagyň netijeli ýollaryny gözlemäge gönükdirýär. Mugallymyň esasy işi okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekdir. Dilçi mugallymlaryň täze tejribeleri öwrenmäge bolan ymtylmalary usuly taýdan sapaklary dogry guramakda esasy zerurlykdyr. Ýurdumyzda ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, bilim bermek hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Pederleriň ýörelgesini parasatly dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geljegimiz bolan ýaşlaryň terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, sagdyn bedenli bolmagy, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde türkmen dilimizi ösdürmek we geljek nesillere mynasyp geçirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Onuň üçin geljek nesillerimize, ýaşlara taryhy kitaplara söýgi döretmegimiz gerek. Çünki taryhy kitaplarymyzda dilim

Röwşen geljegiň binýady berkden tutulýar

Bilim ulgamyndaky ösüşler aýdyň geljegimiziň kepili bolup durýar. Şonuň netijesinde hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary esasynda Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmagyň, onuň geljekki ösüşleriniň berk binýadyny döretmegiň möhüm şerti hökmünde bilim ulgamynyň işiniň netijeliliginiň ýokary bolmagyna yzygiderli üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary we maslahatlary “Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir” diýen şygar bilen geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bu günki gün Watanymyza, halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli ýaş nesli watançylyk ruhunda, ýokary ahlak gymmatlyklarynyň mysalynda terbiýelemek, 2023 - 2024-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemini jemlemek hem-de okuw ýylynyň ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde pedagogik işgärleriniň usuly-amaly okuwlary geçiri

Tejribe alyşdylar

Welaýatymyzyň etraplarynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary işjeňlikde geçdi. Bilim işgärlerine özara tejribe we pikir alyşmakda munuň ähmiýeti uly boldy. Gökdepe etrabyndaky 23-nji orta mekdepde bilim işgärleriniň 2023-2024-nji okuw ýylynyň ýanwar maslahatynyň çäginde bolan usuly-amaly okuwlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi. Oňa etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň öňdebaryjy işgärleri işjeň gatnaşdy.

Zähmet — terbiýe mekdebi

Zähmet endigini ele alan adam her bir synaga taýýar bolýar. Beýle adamlaryň il içinde-de abraýy-mertebesi ýokary bolýar. Emma zähmet çekmäge endik etmedik adamlar elsiz-aýaksyz ýaly iň ýönekeýje ýagdaýlardan hem baş alyp çykyp bilmeýärler. Zähmet adamda ugurtapyjylygy, çydamlylygy, bir sözlüligi ösdürýär. Ata-babalarymyz gadymdan gelýän awçylyk, seýisçilik, ussaçylyk, bagbanlyk ýaly zähmet terbiýesini ýaş nesle oglanlykdan öwredipdirler. Ir örmek, hojalygyň işleri, mal-garalar bilen meşgullanmak endigini perzentlerinde kemala getiren atalarymyz ir endik edilen terbiýäniň bütin ömre hemra bolýandygyny wesýet edipdirler. Gyz maşgalalara halyçylyk, dürli el işlerini ýaşlykdan öwretseň, olaryň wagtynyň diňe peýdaly närselere ulanyljakdygyny, olaryň çeper, zähmetsöýer hem-de islendik synaga tabyn boljakdygyny hem ene-mamalarymyz aýdyp gelýärler. Zenan maşgalalara degişli bolan dürli el işleri, öý-hojalykdaky arassaçylyk işleri olarda zähmete söýgini kemala getirýär. Döwürleriň ösüp, aňlaryň özgermegi bilen bu gün aňly-düşünjeli jemgyýet kemala geldi. Bilim esasynda amala aşyrylan zähmetiň netijesi bolsa barha kämilleşip, sungat derejesine ýetýär we ylym üçin esas döredýär. Her bir maşgala öz perzendinde, her bir mugallym öz okuwçysynda zähmet terbiýesini kemala getirse ol iň uly, iň beýik işiň başlangyjyny başlaýar. Çünki adamyň ýüzüniň tuwagy, başynyň buýsanjy, at-abraýy zähmetded

Ygtybarly ösüşleriň berk binýady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir, ol ynsany belentliklere göterýär» diýip belleýär. Halkymyzyň şeýle belentliklere ýetmeginde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeleriň başyny başlan Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam edýändiginiň iňňän uly ähmiýeti bardyr. Milli ylym-bilim ulgamynda häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ulgamy yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş nesilleri ylymly-bilimli, kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak şu günüň möhüm talaby bolup durýar. Häzirki wagtda orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olar milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly esasyny emele getirýär.

Beýik ynam, uly buýsanç, mukaddes borç

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar, watançy adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Täze gadam basan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hem ilkinji günlerinden ýurdumyzyň bilim we ylym binýadyny pugtalandyrmaga, ulgamy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmäge, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini berkitmäge gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirip, okamagymyz, öwrenmegimiz üçin hemme şertleri döredýär. Bilim alýan orta we ýokary okuw mekdeplerimiziň iň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ösen döwrümiziň talaplaryny doly ödemäge mümkinçilik berýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaşlar hakynda edilýän aladanyň bimöçberdiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Bilim özgertmeleri — röwşen geljegimiziň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary we maslahatlary «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýen şygar bilen geçirildi. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilen usuly-amaly okuwlardan we maslahatlardan taýýarlan söhbetdeşligimizi okyjylara ýetirýäris. Japarguly GAROWOW, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň başlygy:

Dünýä dilleri öwrenilýär

Häzirki döwürde dil bilimini ösdürmäge uly üns berilýär. Ene dilimizi öwrenmek bilen bir hatarda, dünýä dillerini özleşdirmek meselesi baş wezipeleriň biridir. Ene dilimiz bilen bir hatarda dünýä dillerini öwrenmek öňe sürlüp, esasy işler amal edilýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Bu ugurda amal edilýän işler ýaşlaryň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň artmagy, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegi, daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegi bilen baglanyşyklydyr. Häzirki döwürde dil biliminiň gazanan üstünlikleriniň tejribede ulanylmagy, ýörite bilim edaralarynda ene dilinde we daşary ýurt dillerinde bilim berilmegi, şeýle-de terjimeçilik sungatynyň iň kämil usulynyň ýüze çykarylmagy işleriň talabalaýyk ýola goýulýandygyny aýdyň görkezýär.

Milli ýörelgeleriň aýdyň ýoly

Milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, ene dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgelerdir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda asylly ýörelgelerden ugur alyp, ýaş nesillerimize döwrebap bilimi öwredýäris hem-de olary milli ruhda terbiýeleýäris. Ýaş nesliň ylym-bilime, ene dilimizi öwrenmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda jemgyýetimiz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýan, ýaşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler, dürli medeni çäreler terbiýeçilik ähmiýeti bilen tapawutlanýar. Ýaş nesliň ylymly, bilimli ösmegine, dünýä dillerinden oňat baş çykarýan, beden taýdan sagdyn we ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işler netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bilim ojaklarynda geçirilýän dürli bäsleşikler terbiýeçilik taýdan ähmiýetlidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem şeýle çäreler geçirilip durulýar. Bilim ojaklarynda, orta mekdeplerde geçirilýän döredijilik duşuşyklary ýaşlarda milli gymmatlyklara sarpa goýmagy, buýsanmagy terbiýeleýär. Şeýle döredijilik duşuşyklarynda Magtymguly Pyragynyň goşgulary okalýar, beýan edilýän pikirler diňlenilýär, milli edebiýatymyz hakynda söhbetdeşlikler guralýar. Bularyň hemmesi ýaş nesliň milli terbiýesine oňat täsir edýär.

Halypa mugallymyň ömür menzilleri

Adam öz ruhy dünýäsine muwapyk söhbetdeş tapanda guwanar ýörer eken. Meniň durmuşymda şeýle pursatlaryň biri döredijilik dünýäsi hakynda söhbet etmekçi bolýan kişimiz — şahyr, mugallym Çerkez Esenow bilen ilkinji duşuşygymyzda bolup geçipdi. Ol şol duşuşygymyzda meniň hikmetli söhbetlere teşne kalbyma gozgalaň salmagy başarypdy. Soňlugy bilen bize uzak wagtlap dostluk, döredijilik aragatnaşygyny saklamak miýesser etdi. Şu döwür içinde men onuň sada, ynsanperwer, kärine kämil, takwa kişidigine göz ýetirdim.