Dünýä dilleri öwrenilýär

9 Ýanwar 2024
627

Häzirki döwürde dil bilimini ösdürmäge uly üns berilýär. Ene dilimizi öwrenmek bilen bir hatarda, dünýä dillerini özleşdirmek meselesi baş wezipeleriň biridir. Ene dilimiz bilen bir hatarda dünýä dillerini öwrenmek öňe sürlüp, esasy işler amal edilýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleri öwrenilýär. Bu ugurda amal edilýän işler ýaşlaryň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerine, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir. Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň artmagy, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemegi, daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki döwürde dil biliminiň gazanan üstünlikleriniň tejribede ulanylmagy, ýörite bilim edaralarynda ene dilinde we daşary ýurt dillerinde bilim berilmegi, şeýle-de terjimeçilik sungatynyň iň kämil usulynyň ýüze çykarylmagy işleriň talabalaýyk ýola goýulýandygyny aýdyň görkezýär.

Täçsoltan REJEPOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallymy.