Bilim — sazlaşykly ösüşiň çeşmesi

10 Ýanwar 2024
582

Balkanabat şäheriniň bilim işgärleriniň maslahaty daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýen at bilen geçirildi. Oňa gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan sergini synladylar. Öňdebaryjy bilim işgärleriniň gazanan tejribelerini, sapaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan okuw-görkezme esbaplaryny, zehin-başarnykly mekdep okuwçylarynyň taýýarlan işlerini özünde jemleýän sergi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Maslahatda 2023-2024-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda Balkanabat şäheriniň bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat çykyşy diňlenildi. Onda nygtalyşy ýaly, ylymdyr bilimiň durmuş ýolunda her bir ynsana üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdygyny aýratyn nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol şert-mümkinçiliklerden üstünlikli peýdalanmak bilen, şäheriň bilim-terbiýeçilik edaralarynda berkarar Watanymyza, il- -günümize wepaly, bilime höwesli, sporty söýýän, ýokary ahlakly nesilleri terbiýelemekde belent maksatlar nazarlanýar. Şäheriň bilim işgärleriniň birleşen tagallalary şeýle asylly maksada ýetmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Olaryň çekýän yhlasly, döredijilikli zähmeti ýaş nesliň welaýatymyz, ýurdumyz boýunça geçirilýän, şol sanda halkara derejeli bäsleşikleriň netijeleri boýunça gazanýan üstünliklerinde mynasyp beýanyny tapýar. Okuw ýylynyň birinji ýarymynyň dowamynda şäheriň mekdep okuwçylarynyň halkara internet bäsleşiklerinde 310 sany baýrakly orunlary eýelemekleri muňa anyk subutnamadyr. Olaryň ders we taslama bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda gazanan üstünliklerini hem bularyň üstüne goşmak bolar.

Nurmämmet HYDYROW,
«Balkan».