Beýik ynam, uly buýsanç, mukaddes borç

9 Ýanwar 2024
549

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň ylymly-bilimli, ilhalar, watançy adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Täze gadam basan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hem ilkinji günlerinden ýurdumyzyň bilim we ylym binýadyny pugtalandyrmaga, ulgamy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmäge, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini berkitmäge gönükdirilen uly işler durmuşa geçirilýär.

Watanymyzyň geljekki ösüşlerini ýaşlarda görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaş nesle uly ynam bildirip, okamagymyz, öwrenmegimiz üçin hemme şertleri döredýär. Bilim alýan orta we ýokary okuw mekdeplerimiziň iň ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy ösen döwrümiziň talaplaryny doly ödemäge mümkinçilik berýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaşlar hakynda edilýän aladanyň bimöçberdiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Maksat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň halkara durmuşy boýunça synçylar bölüminiň synçysy