Ýokary işjeňlik ýagdaýynda

11 Ýanwar 2024
518

Birleşmämiziň ilkinji guramalarynda hasabat ýygnaklary badalga aldy. Biz bu möhüm çäräniň ýokary derejede, netijeli geçirilmegine çynlakaý üns bermek bilen, oňa taýýarlykly geldik. Munuň üçin ýörite iş meýilnamasy işlenilip düzüldi. Mundan başga-da ilkinji guramalaryň başlyklary we jogapkär işgärleri bilen ýygnaklary talabalaýyk geçirmek üçin maslahatlar guraldy.

Biziň birleşmämizde ilkinji guramalaryň 181-si bolup, olarda Tertipnamalaýyn işler ýaýbaňlandyrylýar. Geçirilýän ýygnaklarda hasabat döwründe alnyp barlan işler, gazanylan üstünlikler, baglaşylan köpçülikleýin şertnamalaryň berjaý edilişi barada gyzyklanma bilen pikir alşylýar. Ýygnaklara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň iri jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşlerine mynasyp goşant goşmak, zähmetkeşleriň hak-hukuklaryny goramak, olaryň zähmet çekmekleri üçin kadaly iş şertleriniň döredilmegini gazanmak ugrunda geljekde-de tutanýerli zähmet çekjekdiklerini nygtaýarlar. Hasabat ýygnaklarynyň guramaçylykly geçirilmegi ilkinji guramalarymyzyň işleriniň netijeliliginiň has ýokarlanmagyna itergi berer.

Arzuw SAPAROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.