Berkarar watanymyzyň buýsanjy

10 Ýanwar 2024
451

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Gahrymany, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda merdana halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň binýatlaýyn esaslaryny berkidip, beýik geljege tarap ynamly öňe barýar. Ata Watanymyzyň we merdana milletimiziň geljegi bolan ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin amala aşyrýan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutanýerli yhlasy bilen mynasyp hem döredijilikli dowam etdirilýär. Il-ýurt bähbitli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, bilim pudagyny hem döwrebaplaşdyryp, halkara ölçeglerine laýyk getirmäge ähli esaslary döredýär.

Hormatly Prezidentimiz: «Milletimiziň agzybirligi, jemgyýetimiziň jebisligi, ýaş raýatlarymyzyň döredijilikli başlangyçlary bu gün bize içeri we daşary syýasatymyzy sazlaşykly alyp barmaga, döwlet gurluşyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de has-da kämilleşdirmäge oňyn şertleri döredýär» diýip, buýsanç bilen belleýär. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly forumynyň, şeýle hem 16 — 18-nji noýabr aralygynda Mary şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bu babatda netijeli işleriň ýola goýlandygyny şertlendirýär.

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.