Bilimli nesil — kuwwatly Watan

10 Ýanwar 2024
436

Ýaş nesillere bilim hem terbiýe bermekde yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýän, işjanly terbiýeçileriň biri-de Altyn Çaryýewadyr. Altyn mugallym Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlap, öz saýlap alan hünäri boýunça zähmet ýoluna başlaýar. Ol häzirki wagtda Baýramaly şäherindäki 14-nji çagalar bakja-bagynda işleýär. Zähmetsöýer terbiýeçi çagalaryň zehininiň ýüze çykmagynda taýsyz tagallalary edýär. Ol ýolbaşçylyk edýän toparyndaky çagalar bilen etrap, şäher hem welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşýar. Terbiýeçi çagalar bakja-bagynyň müdiri Bilbil Täçberdiýewa bilen maslahatlaşyp, iş tejribesini günsaýyn baýlaşdyrýar.

SURATDA: Altyn Çaryýewa körpeler bilen.