Körpe nesillere kämil terbiýe

10 Ýanwar 2024
505

«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek boýunça 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» terbiýeçilik edaralarynda çagalaryň durmuşyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga, çaganyň irki ýaşdan başlap beden, akyl we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmeklige gönükdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleri üçin giň şertleri döretmegi netijesinde häzirki wagtda bu ugurda tutumly işler alnyp barylýar.

Körpeleriň irki ösüş döwri 1 — 3 ýaş aralygyny öz içine alyp, çaganyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýedir. Çaganyň bu döwürdäki ösüşi onuň bütin ömrüniň psihologiki aýratynlygyny kesgitleýär. Çagalar hut şu döwürde hereketleri duýmak, pikirlenmek, gürlemek, daşky gurşaw bilen özara gatnaşykda bolmak ýaly başarnyklary ele alýarlar. Çaganyň görüş, eşidiş, syzyş, duýuş ukyplary bolsa onuň aň-düşünjesini ösdürýär. Daş-töweregiň täsiri çaganyň aňynyň ösüşini çaltlandyrýar. Çaga aňynyň ösmegi netijesinde onda daş-töwerek barada durnukly we aýdyň düşünje kemala gelýär, söz baýlygynyň gory artýar, ünslülik, ýatkeşlik, logiki pikirlenme, göz öňüne getirme başarnyklary kämilleşýär.

Altynaý MUSTAKOWA,
Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 24-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.