Kemally kämil nesiller

10 Ýanwar 2024
422

Ýakynda Aşgabat şäherindäki 29-njy çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýen şygar bilen usuly-amaly okuw geçirildi. Oňa mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, innowasion tehnologiýalardan baş çykarmaga ukyply adamlar bolup ýetişmegi üçin zerur şertler döredilýär.

Bu ýerde guralan çykyşlarda usuly-amaly okuwlaryň ýokary netijeliligini üpjün etmekde, ýurdumyzda körpeleriň bagtyýar ýaşamaklary, bilim almaklary üçin bitirilýän beýik işler, öňde durýan wezipeler, şeýle hem 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemini jemlemek we ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Bu ugurda ýurdumyzda beýik işleriň bitirilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýörite habarçymyz.