Döwrebap bilim — kämil nesil

10 Ýanwar 2024
337

Röwşen geljegimiz bolan ýaş nesle döwrüň talabyna laýyk derejede bilim bermek, olary dürli hünärlere ugrukdyrmak hem-de ata Watanymyza mynasyp ýaşlar edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa döwletimizde ähli şertler döredilendir. Şol mümkinçiliklerden mynasyp peýdalanýan ýaş nesillerimiz ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlaryndan oňat baş çykarýarlar. Munuň özi ata Watanymyzda ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň gözbaşy bolan ylym-bilimiň ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Mekdebimizde hem döwrüň talaplaryndan ugur alyp, mugallymlar sapaklaryny täsirli guraýarlar, dürli usullardan, öwrediji oýunlardan, tapmaçalardan, matallardan peýdalanýarlar. Bu bolsa guralýan sapaklaryň netijeli bolmagyna, okuwçylaryň bilime bolan höwesiniň artmagyna, ýatkeşliginiň güýçlenmegine ýardam edýär. Biz — mugallymlar her sapagy özüne çekiji, täsirli guramaklyga hem-de mowzugy okuwçynyň aňyna sada we düşnükli dilde ýetirmeklige çalyşýarys. Öwrediji oýunlaryň kömegi bilen okuwçylarda zähmete, ata Watana söýgi, birek-birege kömek bermek, dosta wepalylyk, edeplilik ýaly ajaýyp häsiýetler terbiýelenilýär.

Merjen ATAMÄMMEDOWA,
Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.