Rowaçlanýan bilim özgertmeleri

11 Ýanwar 2024
557

Ýurdumyzda döwrebap bilim özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň Döwlet standartlary», «Türkmenistanyň bilim edaralarynda terbiýeçilik işleriniň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy», şeýle-de olary durmuşa geçirmegiň meýilnamalary, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» ýaly möhüm resminamalaryň üstünlikli hereket etmegi aýdyň görkezýär. Bularyň barysy döwlet tarapyndan we hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky üns-aladanyň aýdyň ýüze çykmasydyr.

Kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, türkmeniň asylly ruhy-ahlak ýörelgelerine daýanyp, iň häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilim-terbiýeçilik ulgamyna giňden ornaşdyrylýar, ajaýyp bilim-terbiýeçilik, sport-sagaldyş desgalary gurlup ulanmaga berilýär.

Bäşim ÝALKAPOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.