Milli ýörelgeleriň aýdyň ýoly

9 Ýanwar 2024
663

Milli gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, ene dilimiziň baýlyklaryny ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgelerdir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda asylly ýörelgelerden ugur alyp, ýaş nesillerimize döwrebap bilimi öwredýäris hem-de olary milli ruhda terbiýeleýäris.

Ýaş nesliň ylym-bilime, ene dilimizi öwrenmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda jemgyýetimiz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýan, ýaşlaryň arasynda geçirilýän bäsleşikler, dürli medeni çäreler terbiýeçilik ähmiýeti bilen tapawutlanýar. Ýaş nesliň ylymly, bilimli ösmegine, dünýä dillerinden oňat baş çykarýan, beden taýdan sagdyn we ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmegine uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işler netijeliligi bilen tapawutlanýar. Bilim ojaklarynda geçirilýän dürli bäsleşikler terbiýeçilik taýdan ähmiýetlidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda hem şeýle çäreler geçirilip durulýar. Bilim ojaklarynda, orta mekdeplerde geçirilýän döredijilik duşuşyklary ýaşlarda milli gymmatlyklara sarpa goýmagy, buýsanmagy terbiýeleýär. Şeýle döredijilik duşuşyklarynda Magtymguly Pyragynyň goşgulary okalýar, beýan edilýän pikirler diňlenilýär, milli edebiýatymyz hakynda söhbetdeşlikler guralýar. Bularyň hemmesi ýaş nesliň milli terbiýesine oňat täsir edýär.

Oguljan ÝANGIBAÝEWA,
Saýat etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.