Ygtybarly ösüşleriň berk binýady

9 Ýanwar 2024
557

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir, ol ynsany belentliklere göterýär» diýip belleýär. Halkymyzyň şeýle belentliklere ýetmeginde ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeleriň başyny başlan Gahryman Arkadagymyzyň beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam edýändiginiň iňňän uly ähmiýeti bardyr. Milli ylym-bilim ulgamynda häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ulgamy yzygiderli ösdürmek we oňa häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş nesilleri ylymly-bilimli, kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak şu günüň möhüm talaby bolup durýar. Häzirki wagtda orta we ýokary okuw mekdepleri diňe bir döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen ýaşlary taýýarlamak üçin talabalaýyk enjamlaşdyrylan okuw merkezleri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, olar milletimiziň aň-bilim kuwwatyny doly açmak, jemgyýetimiziň medeni we ruhy ösüşiniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady abadançylygynyň ygtybarly esasyny emele getirýär.

Maral MYŞŞYÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy.