Milliligim — köňül kelamym
Türkmen halk döredijiliginde: lälelerde, monjugatdylarda, öleňlerde, hüwdülerde, ertekilerde, rowaýatlarda gyzlar hakynda söz açylsa, olaryň elinden dür dökülýän maşgaladygy nygtalyp geçilýär. Şolarda nagyşlaryň döreýiş taryhynyň beýan edilýän halatlaryna-da, elbetde, gabat gelensiňiz. Biz bolsa şu ýazgymyzy iňňäniň döreýşi baradaky söhbet bilen başlamagy makul bildik. Dilden-dile geçip gelýän, halk arasynda aýdylýan rowaýata görä, Dawudyň şägirdiniň ýasan iňňesi sünnäläp keşde çekerden juda gödek bolupdyr. Şol iňňe işeňňir hem gözel gyzyň eline düşüpdir. Ol görkana gyzyň saçlaryna sülük ýaly barmaklaryna, gözelligine maýyl bolup, onuň gyzgyn gysymynda süýügip inçelýär-de, barmaklarynyň hereketine tabyn bolýar duruberýär.