Adalgalar – dil biliminiň baýlygy

6 Aprel 2021
2057

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamynda-da giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, dil bilimi, şol sanda türkmen diliniň adalgaşynaslygy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda täze ösüşe gadam goýdy. Taryhy jähetden şu döwrüň içinde türkmen adalgaşynaslygy milli dilimiziň sözlük düzüminde hil we san taýdan bolup geçen özgerişlikleri şöhlelendirip gelýär. Ylmy-tehnikanyň ösmegi netijesinde dilimiz täze sözler bilen baýlaşýar. Bu bolsa ylmy-tehniki adalgaşynaslygyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Alynma sözleri, halkara adalgalary mümkingadar millileşdirmek meselelerini ýüze çykarýar. Bu meselede, öňi bilen, dilimiziň öz içki serişdelerinden, ýagny gadymy ýazuw ýadygärliklerimizden, türkmen diliniň şiwelerinde we gepleşiklerinde ulanylan sözlerden, şeýle hem garyndaş türki dillerdäki kybapdaş adalgalardan peýdalanmak maksadalaýyk hasaplanylýar.

Ata GYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri.