Halkymyzyň goşa buýsanjy

4 Aprel 2021
1508

Türkmen topragynda kemala getirilen, umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen türkmen alabaýlarydyr behişdi bedewler halkymyzyň milli buýsanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler». Şoňa görä-de, bu gün milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýlup, olaryň dünýädäki şöhratyny artdyrmak babatynda uly tagallalar edilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy we başlangyjy esasynda, Türkmen alabaýynyň baýramynyň döredilmegi we bu senäniň her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde geçiriljekdigi ulus-ilimizi begendirýär hem-de alabaý itlerimize we ýyndam bedewlerimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy günlerinde goşa belleniljek Türkmen alabaýynyň baýramy, Türkmen bedewiniň milli baýramy ildeşlerimiz üçin ajaýyp toýa öwrüler. Berkarar Watanymyzda bu ajaýyp toýa görülýän taýýarlyk işleri munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Daýançmyrat KAKALYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.