Milli oýunlar — durmuş mekdebi

5 Aprel 2021
1832

Ata-babalarymyz taryhda sagdyn nesilleri kemala getirmekde, olaryň ilhalar, paýhasly, edep-terbiýeli we watansöýüji ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin uly alada edipdirler. Pederlerimiziň akyl-paýhasyndan kemal tapyp, asyrlardan-asyrlara, nesillerden--nesillere geçip gelen milli oýunlarymyza nazar salsaň hem, muny aýdyň duýmak bolýar. Bu oýunlaryň aňyrsynda nesil terbiýesi bilen birlikde, sagdyn, berk bedenli, gaýduwsyz, hüşgär bolmak ýaly häsiýetler jemlenendir. Olardan aşyk, çeke (ýüzük oýny), gizlenpeçek, aksüňk, bäşdaş, düzzüm, ýaglyga towusmak, sadranç (küşt), göreş ýaly terbiýeçilik we paýhas oýunlaryny mysal getirmek bolar. Bu oýunlarda ýaş aýratynlyklary göz öňüne tutulýar. Oglanjyklaryň bedeniniň çeýe, çakgan, süňkleriniň sagdyn, ugurtapyjy hem mergen bolmagy üçin aşyk, gyzjagazlaryň çalasynlygy üçin bolsa bäşdaş oýunlarynyň ähmiýeti uludyr. Ýetginjek oglanlara bolsa ýaý atmak, göreş tutmak, ýaglyga towusmak ýaly oýunlar mahsus bolupdyr. Şunuň bilen birlikde hem, orta we uly ýaşly adamlar düzzüm, küşt, çeke ýaly paýhas oýunlaryny oýnapdyrlar. 

Gahryman Arkadagymyz milli mirasymyzy içgin öwrenmek we geljekki nesillere asyl nusgasynda ýetirmek üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli oýunlary oýnamak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze öwüşginler bilen dowam etdirilýär. Olar ajaýyp zamanamyzda bellenilýän toý-baýramlarymyzyň bezegidir. Bu gün aşyk ýa-da bäşdaş oýnap ýören çagajyklary, ýaglyga towsup, göreş tutup, özüniň gujurlydygyny görkezýän ýaşlarymyzy, düzzümdir küşt oýunlaryna güýmenip, bir-biri bilen degişýän ýaşululary göreniňde, kalbyňda ýakymly duýgular döreýär.

Bahar ORAZDURDYÝEWA,
Serdar şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gaznaçysy.