Naly kümüşden...

7 Aprel 2021
1702

Türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan ahalteke bedewlerimiziň taryhy öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyz ahalteke bedewleriniň ajaýyp tohumlaryny ösdürip ýetişdiripdirler. Olaryň ýetişdiren atlaryna owadanlykda, uzak ýörişlerde çydamlylykda dünýäniň hiç bir tohum atlary taý gelip bilmändir. Dünýäniň ähli çapylýan atlarynyň meşhur bolmagynda ahalteke bedewleriniň orny uludyr. Bu babatda hormatly Prezidentimiz özüniň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Bu dünýäde çapylýan bedew atlaryň ähli görnüşli tohumlarynyň, şol sanda arap, iňlis atlarynyň hem ahalteke bedewlerinden gelip çykandyklaryny tassyklaýan maglumatlar bar» diýip belleýär.

Gadymy golýazmalarda, nusgawy edebiýatda türkmen bedewleriniň şöhraty beýan edilýär. Halk arasynda şeýle bir rowaýat bar. Bir gezek at bilen elguşy ýaryşdyrypdyrlar. Guş bilen deň gaýdan ajaýyp bedew elguşdan ozup, öň gelipdir. Rowaýatdan görnüşi ýaly, ahalteke bedewlerimize ýyndamlykda, çalasynlykda, çydamlylykda taý geljek jandar ýokdur. Gözellikde deňi-taýy bolmadyk türkmen atlarynyň waspy halk döredijiliginde-de, «Görogly» şadessanynda, Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi, Mollanepes, Annagylyç Mätäji ýaly nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde-de öz beýanyny tapýar.

Şekerjan AHMEDOWA,
«Daşoguz habarlary».