Göwün saraýy

7 Aprel 2021
1458

Adamy adamdan tapawutlandyrmak üçin, göräýmäge, onuň adyny tutmak ýeterlik ýaly. Şunda sen isle-isleme, derrew adyny agzaýanyň daş keşbi göz öňüňde surat bolýar: bugdaýreňk, akýagyz, uzynak, keltepaýça, hortap, kakçekge... Bu diňe daşky ýasawy. Meniň menligim, seniň senligiň, onuň ollugyny seljerdýän zat weli başgarak. Ol — adam oglunyň içki dünýäsi. Gadymkylar ony aýlaw-aýlaw, öwrüm-öwrüm söz baryny sepläp oturman, ýönekeýden owadan bolar ýaly, iki sany söz bilen «Göwün saraýy» diýip atlandyrypdyrlar. Dogry, «Göz — ýüregiň aýnasy» diýlişi ýaly, kişiniň içki dünýäsini gözünden okap bolýanlygy hakda aýdylýanlar azda-kände ugrunda bar bolsa bardyr, ýöne oňa möhürläp tassyklanan hakykat hökmünde ynanyp bolmajagy düşnükli. Çünki adamyň kimdigini anyklamak, «Keçe-keçe» oýnunda oýunçyny barlap, oýundan çykaran ýaly däl-de, has çylşyrymlyrak. Göwün saraýy diýilýän çylşyrymly dünýä düşünäýmek iňňän çetin, çünki jemgyýetde umumy ykrar ýa inkär edilýän zatlardan daşgyn, ömür menzillerinde pisindiň oturyp-oturmazlyk bilen bagly her kesiň göwnüne jaý ýa-da bijaý zatlar bolýar. Göwün saraýyna sygýan zat bar, sygmaýany-da. Ol durmuş tejribesi, aň-paýhas, dünýägaraýyş bilenem bagly. «Akyl-akyldan sowaşyk» diýilýäni-de, meger, şu bolsa gerek. Diýmek, könekileriň aýdyşy ýaly, adam oglunyň göwün saraýyndakylar onuň häsiýetiniň mizany. Sözüň göwün saraýy hakdaky hörpi başlangyç awtorlaryň birinden okanlarymy ýatlatdy. Ol sözme-söz ýatda galypdyr:

«...Jygyldygyň mal saraýyna ýer hakyny töläp, her kim girip bilýär. Göwün saraýy weli, özüni sylaýan adamda beýle däl: onuň bosagasy, işigi, söýesi, açary altyndan. Günleriň birinde şol altyn açar zyňňyldady. Ol tutuşlygyna ýakymlydan süýjümtik bir duýga çümdürilip çykarylan ýaly boldy. Köňül saraýyna aralaşan onuň sol tarapyndaky duýgudan püre-pür sandyjagy dörjeleýärdi. Dörjeledigiçe-de, ol oňa ýaraýardy. Ol göz aýlamaga zordan rowgat tapdy. Eý-h-o-o! Beýle görk-görmek, şeýle-de näzeninlik boljak oguşýa! Beýle peri-peýkerlik türkmen klassyky edebiýatydyr gündogar edebiýatynyň gözellik hakdaky ölçeglerine sygjaga meňzänok. Üç-dört ýyl bäri hyýalynda göterip ýören tanyş nätanşyna meňzeýär. Ol mejalsyz, ýöne umydygärlik bilen dillendi:

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW.
«Türkmenistan».