Türkmen topragynyň gymmatlyklarynyň arasynda üşükliligi, syzgyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen dünýä meşhur bolan alabaý itlerimiz bar. Olaryň goraýan öýüne, eýesine wepalydygy hakda köpsanly eserler döredildi, goşgular düzüldi. Biz bu hakykata gündelik durmuşymyzda hem häli-şindi gabat gelýäris.
...Bir maşgala ýaşaýan obasyndan başga ýere göçmekçi bolýar. Öýüň goşlary, ownukdyr iri mallaryň ählisi ulaglara ýüklenilýär. Indi gapyny gulplap, goňşular bilen hoşlaşyp, ýola düşübermelidi. Şu ýerde garaşylmadyk mesele ýüze çykýar duruberýär. Öý eýelerine köp ýyllap hemra bolan, olara wepadarlyk bilen hyzmat eden alabaýy ulaga münmäge kes-kelläm garşy bolýar. Olaryň alabaýlaryny täze ýurda alyp gitmek üçin eden synanyşyklary başa barmaýar. Şeýdip, alabaý göçülen öýüň öňünde ýalňyz galyberýär.