Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ynsan saglygy barada uly aladalar edilýär. Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda hem Bütindünýä saglyk güni ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şagalaňa, dürli sport ýaryşlarydyr dabaralara beslenip bellenilýär.
Bu şanly sene mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem «Saglyk ― ömrümiziň bezegi» atly wagtlaýyn sergi giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýat Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirligi bilen bilelikde guralan serginiň esasy maksady Bütindünýä saglyk gününi mynasyp derejede dabaralandyrmakdan ybarat bolup, onuň açylyş dabarasyna Türkmenabat şäherindäki orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, türgenler, muzeý hem-de kitaphana işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we şäheriň ýaşaýjylarynyň uly topary gatnaşdy.