Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde belli-belli şahsyýetleriň ady bilen bagly agaçlara duşmak bolýar. Olara Lebap welaýatynda Seýitnazar Seýdiniň atyny daňan tuduny, Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow etrabyndaky ýaşy asyrdan geçen, nahaly Sankt-Peterburgdan getirilen Sabyr darbazçynyň dubuny, Arçabildäki Ýedidogan çynaryny we başga-da köp sanly agaçlary mysal getirmek mümkin.
Geçen asyryň segseninji ýyllarynda welaýatymyzyň häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy şäheriniň etegindäki Gurbandurdy Zeliliniň ady bilen baglanyşdyrylýan Gökleň medrese ýadygärligini görmäge bardym. Şol mahal Gökleň medresesiniň çig kerpiçden örülen depesi, gümmezli ders otaglary, hüjreleri abat durdy. Şonda bu ýerde bize duşan ýaşuly salam-helikden soňra: