Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlary heýjana getirmegindendir. Onuň şygyrlary ynjan ýüreklere em, argyn bedenlere kuwwat, sussupese ruhy ganatdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Karary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlarynyň öňünde täze wezipeleri goýdy. Institutyň alymlary bilen «tegelek stoluň» başynda guralan söhbetdeşligi gazetimiziň okyjylaryna ýetirýäris.