Ýaz öwüşginli halylarymyz

4 Aprel 2021
1691

Nepisligi, owadanlygy bilen görenleri özüne maýyl edýän haly we haly önümleri türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan hala salynýan nagyşlary ene-mamalarymyz nesilden-nesle geçirip, şu günlerimize ýetiripdirler. Gelin-gyzlarymyz sähramyzyň gözelligini, tebigatymyzyň owadanlygyny haly nagyşlaryna siňdiripdirler. Her bir çitimini yhlasly zähmet bilen çitip, çeperligiň, sungatyň ajaýyp nusgasyny dünýä getiripdirler. Şeýdibem, halyçylyk sungatyny kämillik derejesine ýetiripdirler.

Halylaryň gözelliginiň özünde jemlenmeginde tebigy boýaglara möhüm orun degişlidir. Ýeri gelende bellesek, tebigy boýagdan dokalan haly we haly önümleri hiç wagt öz reňkini ýitirmeýär. Olar ýyllar geçse-de, edil täze ýaly lowurdap, öwşün atýar. Şonuň üçin türkmen halylary dünýäde gadymy hem müdimi sungat hökmünde tanalýar.

Merdan HYDYROW,
«Gökdepe» milli muzeýiniň direktory.