Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda welaýat merkezinde ýerleşýän Milli «Ak bugdaý» muzeýine syýahat guraldy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli guralan syýahata kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary hem-de ýaşlar gatnaşdy.
Syýahatyň başynda muzeýiň hünärmenleri sergi bölümleriniň aýratynlygy barada gürrüň berdiler. Olaryň aýdyşy ýaly, muzeý arheologiýa, oba hojalyk we ekerançylyk, etnografiýa hem-de Berkararlyk ýaly sergi bölümlerinden ybarat bolup, olar taryhy gymmatlyklaryň üç müňden gowragyny özünde jemleýär. Ata-babalarymyzyň ekerançylyk medeniýetini beýan edýän gymmatlyklar muzeýde aýratyn orun eýeleýär.