"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Elektrik ulagy

Awtoulag bäsleşikleri üçin ulag öndürýän «Lotus Cars» kompaniýasy elektrik togy bilen işleýän ulag öndürdi. Umumy bahasy 2,2 million amerikan dollaryna barabar bolan bu ulag 1680 kilogram agramly, 2 müň at güýjüne, 100 kilometr tizlige 3 sekuntda ýetmek mümkinçiligine eýedir. Täze ulagyň kuwwat berijisi 18 minutda dolup, ol bu güýç bilen 400 kilometr menzil aşyp bilýär. Ulagyň daşky we içki bezeg işleri hem haýran galdyrýar. Olarda üýtgeşik enjamlar ulanylýar. Awtoulag taslananda ony adaty wagtda hem-de sport ýaryşlarynda ulanmak üçin 3 tapawutly funksiýalar göz öňünde tutulypdyr.

«Chegg» kom­pa­ni­ýa­sy «Bu­suu»-ny sa­tyn al­ýar

«Chegg» kom­pa­ni­ýa­sy «Bu­suu»-ny nagt görnüşde, tak­my­nan, ABŞ-nyň 436 mil­lion dol­la­ry­na sa­tyn al­mak ba­ra­da şert­na­ma bag­laş­dy. Mag­lu­mat üçin, «Bu­suu» Lon­don, Mad­rid ýa­ly Ýew­ro­pa şäherlerinde ofis­le­ri bo­lan, dün­ýä­niň äh­li kün­je­gin­de ula­nyl­ýan dil öw­re­niş in­ter­net plat­for­ma­sy­dyr. «Chegg» bu sa­tyn alyş bi­len umu­my söw­da do­la­ny­şy­gy­ny ABŞ-nyň 17 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar san­ly dil öw­re­niş ba­za­ry­na öwür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Sa­tyn al­ma­gyň 2022-nji ýy­lyň 1-nji çär­ýe­gin­de ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Iň ön­dü­ri­ji­lik­li smart­fon yg­lan edil­di

Smar­fon­la­ryň we plan­şet­le­riň işi­niň tiz­li­gi­ni sel­jer­ýän «An­Tu­Tu» agent­li­gi ön­dü­ri­ji­lik­li smart­fon­la­ryň sa­na­wy­ny yg­lan et­di. Oňa la­ýyk­lyk­da, Hy­ta­ýyň «Xiao­mi» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Black Shark 4S Pro» smart­fo­ny 875 müň­den gow­rak utuk ga­za­nyp, sa­na­wyň çür­ba­şy­na or­naş­dy. Sa­na­wyň ikin­ji bas­gan­ça­gy­na 853 mü­ňe go­laý utuk bi­len «ZTE Nu­bia Red Ma­gic 6S Pro» gad­je­ti öz ady­ny ýaz­dyr­dy. Il­kin­ji üç­lü­gi bol­sa, 847 müň utuk bi­len «Vivo iQOO 8 Pro» smart­fo­ny jem­le­di. Ýe­ri ge­len­de, il­kin­ji on­lu­ga gi­ren smart­fon­la­ry­nyň ABŞ-nyň «Qualcomm» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň pro­ses­sor­la­ryn­da iş­le­ýän­di­gi­ni bel­le­me­li­di­ris.

Ka­na­da­da ýu­wul­ýan ba­ta­re­ýa dö­re­dil­di

Kanadanyň alym­la­ry suw­a çydamly ma­ýyş­gak ba­ta­re­ýa­ny oý­lap tap­dy­lar. Hü­när­men­ler ba­ta­re­ýa­nyň ga­ty ga­by­gy­ny ma­ýyş­gak po­li­mer bi­len ça­lyş­dy­lar. On­dan baş­ga-da, ma­te­ria­lyň hi­mi­ki dü­zü­mi üýt­ge­dil­di. Tä­ze gur­luş suw­a çydamly bolup, ol is­len­dik gör­nü­şe öw­rü­lip bil­ýär. Alym­lar oý­lap ta­pan en­jam­la­ry­ny kir ýuw­ýan ma­şy­­nyň kö­me­gi bi­len sy­nag­dan ge­çir­di­ler. Ba­ta­re­ýa ýu­wul­ma­gyň 39 tap­gy­ry­na se­ze­war edil­di, ýö­ne şon­da-da ba­ta­re­ýa hä­si­ýet­le­ri­ni ýi­tir­me­di. Hä­zir alym­lar ba­ta­re­ýa­nyň kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­gyň we onuň öm­rü­ni uzalt­ma­gyň üs­tün­de iş­le­ýär­ler.

«In­tel» Ma­laý­zi­ýa­da çip ön­dür­ýän kär­ha­na gurý­ar

ABŞ-nyň «In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy Ma­laý­zi­ýa­da döw­re­bap çip ön­dür­ýän kär­ha­na gur­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Ýur­duň Ma­ýa go­ýum­lar gu­ra­ma­sy­nyň de­giş­li hü­när­men­le­ri «In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýa­rym­ge­çi­ri­ji­ler teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň önüm­çi­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len, Ma­laý­zi­ýa­ny saý­lan­dy­gy­ny aýd­ýar­lar. Tä­ze önüm­çi­lik kär­ha­na­sy Pe­nang şta­tyn­da bi­na edi­ler we onuň gur­lu­şy­gy­na ABŞ-nyň 7,1 mil­lion dol­la­ry möç­be­rin­de pul se­riş­de­si harç­la­nar. Ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da «In­tel» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy ABŞ-nyň 50,85 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

Iki ýyl­dan dün­ýä­niň ikin­ji elekt­ro­mo­bil ön­dü­ri­ji­si­ne öw­rü­ler

«Ford Mo­tor» aw­tou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­sy «Gold­man Sachs» glo­bal aw­tou­lag kon­fe­ren­si­ýa­syn­da oňyn mag­lu­mat­la­ry­ny yg­lan et­di. Kom­pa­ni­ýa «F-150 Light­ning» elekt­ro­mo­bi­li­ne 200 mü­ňe go­laý sar­gyt­la­ryň bar­dy­gy­ny, 2021-nji ýyl­da bol­sa 22 müň «Mach-E» elekt­rik aw­tou­la­gy­nyň sa­ty­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Şeý­le-de «Ford Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry kom­pa­ni­ýa­nyň elekt­ro­kar­la­ry ön­dür­mek bo­ýun­ça beý­le­ki kom­pa­ni­ýa­lar bi­len bäs­le­şi­ge baş­la­ýan­dy­gy­ny aýt­dy­lar. Olar ýe­ne iki ýyl­dan ýyl­lyk önüm­çi­li­gi­ni 600 müň elekt­ro­mo­bi­le ýe­ti­rip, «Ford Mo­tor»-yň muk­da­ry bo­ýun­ça dün­ýä­niň ikin­ji elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­de iş­le­ýän ulag­la­ry ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa öw­rül­jek­di­gi­ni nyg­ta­ýar­lar.

«LG» ba­te­re­ýa­ly te­le­wi­zor ön­dür­di

«LG» teh­no­lo­gi­ýa kor­po­ra­si­ýa­sy tä­ze — ba­te­re­ýa­da iş­le­ýän te­le­wi­zo­ry­ny gör­ke­zi­li­şe çy­kar­dy. Tä­ze önüm 27 dýuým­lyk IPS-dia­go­nal­da bo­lup, ek­ra­ny aşa­gyn­da go­ýul­ýan en­ja­ma ber­ki­di­lip­dir. En­ja­myň be­ýik­li­gi saz­la­nyl­ýar we ti­gir­le­ri­niň kö­me­gi bi­len, te­le­wi­zo­ry ota­gyň için­de is­len­dik ta­ra­pa aý­lap bol­ýar. Mun­dan baş­ga-da, ek­ra­ny aý­ryp, ele alyp bol­ýar. Te­le­wi­zor ba­ta­re­ýa­nyň kö­me­gi bi­len iş­le­ýär. Bir ge­zek dol­du­ry­lan zar­ýad bi­len «LG» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň tä­ze te­le­wi­zo­ry, tak­my­nan, üç sa­gat iş­läp bil­ýär. Ol akyl-TV bi­len en­jam­laş­dy­ry­lyp­dyr, te­le­wi­zor­da «Stan­by­ME»-den, «Netf­lix»-den, «Ama­zon Pri­me Video»-dan hem-de «You­Tu­be»-dan kon­tent alyp, gör­ke­zip bol­ýar.

Sanly bilim ulgamy ösdürilýär

Eşretli zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan sanly ulgama geçmek baradaky strategik maksatnamalary esasynda ýörite bilim edaralarynyň elektron serişdeler bilen üpjün edilmegi, baýlaşdyrylmagy we bu işiň kämil derejede ýola goýulmagy jemgyýetimiziň intellektual kuwwatynyň has hem kämilleşmegine, bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna itergi berdi. Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazanan enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze döwrebap bilim ojaklarynda ýagty gelejegimiziň eýeleri bolan ýaşlarymyza ähli mümkinçilikler döredilip berildi. Dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem sanly ulgama geçilmegi bilen, diňe bir talyp ýaşlaryň däl, eýsem, halypa mugallymlaryň hem elektron maglumatlaryny giňden peýdalanmaklary we ulanmaklary üçin ähli şertler döredilip berildi. Şeýle hem uzak aralykdan (medisina, psihologiýa, žurnalistika, taryh) sapaklaryň guralmagy talyplaryň, professor-mugallymlaryň ylmy işleri bilen tanyşmagy we baýry ýokary okuw mekdepleri bilen wideoaragatnaşyk esasynda bir ulgama birigip sapaklaryň guralmagy has hem kämilleşdirilýär. Bu işde hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» orny hem örän ýokarydyr. Sebäbi bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstün

Sanly ykdysadyýetde derwaýys özgertmeler

Häzirki döwürde milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunda ýurdumyzyň ähli düzümlerinde, hususan-da, ykdysadyýetiň pudaklaryny sanly ulgama geçirmek we innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri döredip, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly alnyp barylýan giň gerimli işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Munuň özi tutuş halk hojalyk toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini artdyrmagyň hem möhüm şertleriniň biridir. Mälim bolşy ýaly, sanly ykdysadyýetiň durmuşa doly ornaşdyrylmagy üçin esasan, üpjünçilik ulgamy (internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi), elektron işewürlik (hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak) hem-de elektron söwda ýaly ugurlaryň kämilleşdirilmegi esasy zerurlyklar hasaplanýar. Şu üç şertiň üstünlikli berjaý edilmegi ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň bu ugurdan bilim gorunyň ýeterlik bolmagyny talap edýär. Hormatly Prezidentimiziň sanly tehnologiýalaryň artykmaçlyklaryna aýratyn ünsi çekip, munuň üçin ulgamda kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň döredilmeginiň, ugurdaş düzümleriň, düýbünden täze dolandyryş çemeleşmeleriniň kemala getirilmeginiň, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini yzygiderli nygtamagy durmuş zerurlygyny aňladýar.

Wirtual sergilere gyzyklanma artýar

Häzirki döwürde dünýäde wirtual sergilere, muzeýlere, onlaýn boýunça geçirilýän forumlardyr beýleki çärelere gyzyklanma barha artýar. Ýurdumyzda bu ugurda gazanylanlar halk hojalygynyň dürli ugurlarynda täze tehnologiýalary ulanmak arkaly, 3D görnüşde giňden wagyz etmäge mümkinçilik berýär. Golaýda hemişelik Bitaraplygymyza we ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan «Baky Bitarap Türkmenistan» atly halkara wirtual sergi öz işine başlady. Sergide baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan gününden bäri ýurdumyzyň ykdysady ösüşde ýeten derejesi hem-de onuň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylyşy, önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy we halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilişi barada giňişleýin maglumat berilýär. Wirtual sergide maglumatlaryň türkmen, rus we iňlis dillerinde berilmegi onuň halkara ähmiýetini artdyrýar. Oňa internet arkaly baglananlar meýilnama boýunça islän ugruny saýlap, berilýän maglumatlar, wideogörnüşler, habarlaşmak üçin salgylar bilen tanşyp bilýärler.

Kämilligiň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek we özleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan, halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasiýa tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlary ornaşdyrylýar. Bu bolsa önümçiligiň täze usullaryny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, bu tehnologiýalardan baş çykarýan kämil derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwrümiziň esasy talabyna öwrülýär. Gahryman Arkadagymyz çykyşlarynda ylma hem döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesliniň kemala gelendigini belläp, bilim ulgamyny ösdürmek, mynasyp ýaş nesilleri terbiýelemek wezipelerine üns çekýär. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň öňünde ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemek hem-de bu ugra degişli Maksatnamany taýýarlamak wezipelerini öňde goýdy.

Wi­deoa­ra­gat­na­şyk­dan peý­da­lan­ýan­lar bar­ha art­ýar

Wi­deoa­ra­gat­na­şyk plat­for­ma­sy­ny dö­re­di­ji «Zo­om» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ösüş gör­ke­zi­ji­si ge­çen hep­de 5,7% ýo­kar­lan­dy. Ha­sa­ba­ta la­ýyk­lyk­da, şu ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de kom­pa­ni­ýa­nyň gir­de­ji­si 35% ös­di. In­ter­net­den peý­da­lan­ýan­la­ryň art­ma­gy bi­len, wi­deoa­ra­gat­na­şyk hyz­mat­la­ry hem iş­jeň­leş­ýär. Ula­ny­jy­la­ryň art­ma­gy bol­sa, «Zo­om» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň wi­deo hyz­mat­la­ryn­dan al­ýan gir­de­ji­si­ne ep-es­li tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Bi­ler­men­ler gel­jek­de kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry­nyň has-da ýo­kar­la­nyp, gir­de­ji­si­niň art­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­lar. Ge­çen hep­de­dä­ki bir­ža söw­da­la­ryn­da kom­pa­ni­ýa­nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 220,21 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

«Mat­ter­port» san­ly eko­sis­te­ma­sy­na on­lar­ça şä­he­ri goş­ýar

Ge­çen hep­de «Mat­ter­port» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ösü­şi 50% ýo­kar­lan­dy. Kom­pa­ni­ýa san­ly mo­del­le­me eko­sis­te­ma­sy­ny gi­ňeld­ýär we dü­zü­mi­ne tä­ze şä­her­le­ri goş­ýar. Hä­zir­ki wagt­da myh­man­ha­na­lar we bö­lek sa­tuw top­lum­la­ry, iri ýa­şa­ýyş jaý tas­la­ma­la­ry we goz­gal­ma­ýan em­läk kom­pa­ni­ýa­la­ry «Mat­ter­port» bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler.

«Na­no Di­men­sion»-yň söw­da do­la­ny­şy­gy ýo­kar­lan­ýar

3D çap­ha­na teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny üp­jün edi­ji «Na­no Di­men­sion» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy ge­çen hep­de 10,39% ýo­kar­lan­dy. Bu gör­ke­zi­jä «Na­no Di­men­sion»-yň di­zaýn we önüm­çi­lik üçin gel­je­gi uly 3D çap­ha­na teh­no­lo­gi­ýa­sy­na gy­zyk­lan­ma­la­ryň art­ma­gy ýar­dam ed­ýär. 2021-nji ýy­lyň üçün­ji çär­ýe­gin­de «Na­no Di­men­sion»-yň gir­de­ji­si 107% ar­typ, ABŞ-nyň 1,34 mil­lion dol­la­ry­na ýet­di. Ha­sa­bat­dan gör­nü­şi ýa­ly, kom­pa­ni­ýa­nyň sa­tuw­la­ry­nyň we gir­de­ji­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy bi­len, ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gy ABŞ-nyň 1,27 mil­liard dol­la­ry möç­be­ri­ne ba­ra­bar bol­dy.

«Pa­lan­tir» 30% ösü­şe ga­raş­ýar

Ki­ber­howp­suz­lyk hyz­ma­ty­ny üp­jün edi­ji «Pa­lan­tir» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýyl­dan 2025-nji ýy­la çen­li ýyl­da, or­ta­ça, 30% ösüş ga­zan­ma­gy, şeý­le-de ABŞ-nyň 4,3 mil­liard dol­la­ry­na çen­li gir­de­ji al­ma­gy mak­sat edin­ýär. «Pa­lan­tir»-iň işi­niň ulal­ma­gy bi­len, gir­de­ji­si 2040-njy ýy­la çen­li ABŞ-nyň 50 mil­liard dol­la­ryn­dan hem ge­çip bi­ler. Ma­li­ýe ha­sa­bat­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bu, tak­my­nan, ABŞ-nyň 1 tril­lion dol­la­ry möç­be­rin­de ba­zar söw­da do­la­ny­şy­gy­na ba­ra­bar diý­mek­li­gi aň­lad­ýar.

«Pu­re Sto­ra­ge»-niň gir­de­ji­si 40% art­dy

Prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi hyz­mat­la­ry­ny hö­dür­le­ýän «Pu­re Sto­ra­ge» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň gir­de­ji­si ge­çen çär­ýek­de 40% ýo­kar­lan­dy. «Pu­re Sto­ra­ge»-niň gel­je­gi uly ugur­la­ry­nyň bi­ri-de, abu­na hyz­mat­la­ry­dyr. Kom­pa­ni­ýa­nyň bu hyz­mat­la­ryn­dan alan gir­de­ji­si 38% ar­typ, ABŞ-nyň 187,8 mil­lion dol­la­ry möç­be­ri­ne ba­ra­bar bol­dy. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, di­ňe bir abu­na hyz­mat­la­ry kom­pa­ni­ýa­nyň umu­my gir­de­ji­si­niň üç­den bir bö­le­gi­ni tut­ýar. Mag­lu­mat­lar döw­rün­de kom­pa­ni­ýa prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi hyz­mat­la­ry­nyň ösüş müm­kin­çi­li­gi­niň art­ma­gy­na hem bil bag­la­ýar. 

«App­le» komp­ýu­ter­le­riň tä­ze mo­del­le­ri­ni goý­be­rer

«App­le» 2022-nji ýyl­da komp­ýu­ter­le­riň bäş sa­ny tä­ze «Mac» mo­del­le­ri­ni, şol san­da baş­lan­gyç de­re­je­li «MacBo­ok Pro»-ny, ýo­ka­ry de­re­je­li «iMac»-ny, «App­le M2 SoC» çi­pin­de iş­le­ýän tä­ze­le­nen «MacBo­ok Air»-ni, tä­ze­le­nen «Mac mi­ni»-ni we «Mac Pro»-ny önüm­çi­li­ge goý­be­rer. Bu ba­ra­da «MacRu­mors» por­ta­ly ha­bar berdi. Por­ta­lyň ha­ba­ry­na gö­rä, «App­le» öz pro­ses­sor­la­ry­na geç­mek we «In­tel»-iň çip­le­rin­den ýüz dön­der­mek me­ýil­na­ma­sy­ny has iş­jeň ama­la aşyr­ýar. My­sal üçin, baş­lan­gyç de­re­je­li «MacBo­ok Pro» «App­le M2» pro­ses­so­ryn­da iş­lär. Şeý­le-de 2022-nji ýyl­da kom­pa­ni­ýa­nyň tä­ze «Air­Pods Pro» gulaklyklarynyň we «App­le»-iň il­kin­ji gi­ňel­di­len we wir­tual ha­ky­kat (AR) – gulaklygynyň goý­be­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

«Ford Mo­tor» Taý­land­da­ky za­wod­la­ryna ma­ýa go­ýar

ABŞ-nyň «Ford Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy Taý­land­da­ky «Ran­ger» ky­sym­ly pi­kap­la­ry we ýo­ka­ry ge­çi­ri­ji­likli «Ewe­rest» aw­tou­la­gy­ny ön­dür­ýän za­wod­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak üçin, ABŞ-nyň 900 mil­lion dol­la­ry­ny ma­ýa go­ýar. Kom­pa­ni­ýa Taý­land­da­ky za­wo­dyn­da we «Maz­da Mo­tor» bi­len bi­le­lik­dä­ki «Au­toAl­liance Thai­land» kär­ha­na­syn­da önüm­çi­lik ro­bot­la­ry­nyň sa­ny­ny iki es­se kö­pel­der. Şol birwag­tyň özün­de, ma­ýa­ go­ýu­myň ABŞ-nyň 400 mil­lion dol­la­ryna barabar möçberi kom­pa­ni­ýa­nyň önü­mi­ni baza­ra çy­kar­mak ul­ga­my üçin harç­la­nar. Şeý­le hem «Ford» önüm­çi­li­giň ikin­ji çalşygyny ýo­la go­ýar, bu bol­sa ýe­ne 1250 tä­ze iş ornunyň dö­re­dil­me­gi­ne ge­ti­rer. Net­ije­de, Taý­land­da kom­pa­niýa­nyň za­wod­la­ry­nyň işçi güý­ji 9000-den gow­ra­ga çen­li ar­tar. Taý­land Azi­ýa­nyň iň uly aw­tou­lag ýyg­na­mak we eks­port et­mek mer­ke­zi­dir, pu­dak ýur­duň je­mi içer­ki önü­mi­niň, tak­my­nan, 10%-ini tut­ýar. 

«Hua­wei» tä­ze smart­fo­nyň üs­tün­de iş­le­ýär

Hy­ta­ýyň «Hua­wei» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy tä­ze smart­fo­ny­nyň üs­tün­de iş­le­ýär. Azi­ýa­nyň akyl-teh­no­lo­gi­ýa ägir­di tä­ze ep­len­ýän smart­fo­ny bu bö­lüm­çe­dä­ki beý­le­ki en­jam­lar bi­len, my­sal üçin, ge­çen tom­suň ahy­ryn­da çy­kan «Sam­sung Ga­laxy Z Flip 3» bi­len bäs­le­şip bi­ler. Tä­ze dö­re­di­len en­jam «Hua­wei Ma­te V» ýa-da «Hua­wei Ma­te V Flip» diý­lip at­lan­dy­ry­lar. Şol bir­wag­tyň özün­de tä­ze smart­fo­n beý­le­ki ky­bap­daş te­le­fon­lar­dan ar­zan bo­lar. Smart­fo­nyň sat­ly­ga çy­ka­ryl­jak se­ne­si mä­lim edil­me­di, ýö­ne bi­ler­men­ler en­ja­myň önüm­çi­li­gi­niň eý­ýäm baş­la­nan­dy­gy ba­ra­da ha­bar ber­di­ler.

«Toyo­ta Mo­tor» ABŞ-da ba­ta­re­ýa za­wo­dy­ny gu­rar

Ýa­po­ni­ýa­nyň aw­tou­lag ön­dür­ýan «Toyo­ta Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na­da (ABŞ) elektrik­leş­di­ri­len aw­tou­lag­lar üçin umu­my ba­ha­sy ABŞ-nyň 1,29 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lan ba­ta­re­ýa ön­dür­ýän za­wo­dy­ny gu­rar. De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na­nyň mer­ke­zin­de gu­rul­ma­ly za­wod, ABŞ-nyň bu şta­tyn­da 1750 iş ýe­ri­ni dö­re­der. Önümç­lik des­ga­sy­na ma­ýa go­ýum­la­ry 2031-nji ýy­la çen­li harç­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le-de «Toyo­ta»-nyň tä­ze za­wo­dy kom­pa­ni­ýa­nyň okt­ýabr aýyn­da yg­lan eden elekt­rik ulag­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi üçin goý­be­ren, tak­my­nan, ABŞ-nyň 3,4 mil­liard dol­la­ryna barabar ma­ýa go­ýu­myn­dan hem ma­li­ýe­leş­di­ri­ler. Ge­çen söw­da­lar­da «Toyo­ta»-nyň bir paý­na­ma­sy­nyň ba­ha­sy 2068 ýe­na ba­ra­bar bol­dy.