3D çaphana tehnologiýalaryny üpjün ediji «Nano Dimension» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy geçen hepde 10,39% ýokarlandy. Bu görkezijä «Nano Dimension»-yň dizaýn we önümçilik üçin geljegi uly 3D çaphana tehnologiýasyna gyzyklanmalaryň artmagy ýardam edýär.
2021-nji ýylyň üçünji çärýeginde «Nano Dimension»-yň girdejisi 107% artyp, ABŞ-nyň 1,34 million dollaryna ýetdi. Hasabatdan görnüşi ýaly, kompaniýanyň satuwlarynyň we girdejisiniň ýokarlanmagy bilen, bazar söwda dolanyşygy ABŞ-nyň 1,27 milliard dollary möçberine barabar boldy.