Kanadanyň alymlary suwa çydamly maýyşgak batareýany oýlap tapdylar. Hünärmenler batareýanyň gaty gabygyny maýyşgak polimer bilen çalyşdylar. Ondan başga-da, materialyň himiki düzümi üýtgedildi. Täze gurluş suwa çydamly bolup, ol islendik görnüşe öwrülip bilýär. Alymlar oýlap tapan enjamlaryny kir ýuwýan maşynyň kömegi bilen synagdan geçirdiler. Batareýa ýuwulmagyň 39 tapgyryna sezewar edildi, ýöne şonda-da batareýa häsiýetlerini ýitirmedi. Häzir alymlar batareýanyň kuwwatyny artdyrmagyň we onuň ömrüni uzaltmagyň üstünde işleýärler.