«LG» tehnologiýa korporasiýasy täze — batereýada işleýän telewizoryny görkezilişe çykardy. Täze önüm 27 dýuýmlyk IPS-diagonalda bolup, ekrany aşagynda goýulýan enjama berkidilipdir. Enjamyň beýikligi sazlanylýar we tigirleriniň kömegi bilen, telewizory otagyň içinde islendik tarapa aýlap bolýar. Mundan başga-da, ekrany aýryp, ele alyp bolýar. Telewizor batareýanyň kömegi bilen işleýär. Bir gezek doldurylan zarýad bilen «LG» korporasiýasynyň täze telewizory, takmynan, üç sagat işläp bilýär. Ol akyl-TV bilen enjamlaşdyrylypdyr, telewizorda «StanbyME»-den, «Netflix»-den, «Amazon Prime Video»-dan hem-de «YouTube»-dan kontent alyp, görkezip bolýar.