Kämilligiň gözbaşy

15 Dekabr 2021
1315

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzda öňdebaryjy tehnologiýalary öwrenmek we özleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan, halkara ölçeglerine laýyk gelýän innowasiýa tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlary ornaşdyrylýar. Bu bolsa önümçiligiň täze usullaryny döredýär. Şunuň bilen baglylykda, bu tehnologiýalardan baş çykarýan kämil derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwrümiziň esasy talabyna öwrülýär.

Gahryman Arkadagymyz çykyşlarynda ylma hem döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesliniň kemala gelendigini belläp, bilim ulgamyny ösdürmek, mynasyp ýaş nesilleri terbiýelemek wezipelerine üns çekýär. Döwlet Baştutanymyz ýokary okuw mekdepleriniň öňünde ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemek hem-de bu ugra degişli Maksatnamany taýýarlamak wezipelerini öňde goýdy.

Berdimyrat ŞIRIMOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar