Wideoaragatnaşyk platformasyny dörediji «Zoom» kompaniýasynyň ösüş görkezijisi geçen hepde 5,7% ýokarlandy. Hasabata laýyklykda, şu ýylyň üçünji çärýeginde kompaniýanyň girdejisi 35% ösdi. Internetden peýdalanýanlaryň artmagy bilen, wideoaragatnaşyk hyzmatlary hem işjeňleşýär. Ulanyjylaryň artmagy bolsa, «Zoom» kompaniýasynyň wideo hyzmatlaryndan alýan girdejisine ep-esli täsirini ýetirýär. Bilermenler geljekde kompaniýanyň söwdalarynyň has-da ýokarlanyp, girdejisiniň artjakdygyny çaklaýarlar.
Geçen hepdedäki birža söwdalarynda kompaniýanyň her bir paýnamasy ABŞ-nyň 220,21 dollary möçberinde bahalandy.