Elektrik ulagy

21 Dekabr 2021
1114

Awtoulag bäsleşikleri üçin ulag öndürýän «Lotus Cars» kompaniýasy elektrik togy bilen işleýän ulag öndürdi. Umumy bahasy 2,2 million amerikan dollaryna barabar bolan bu ulag 1680 kilogram agramly, 2 müň at güýjüne, 100 kilometr tizlige 3 sekuntda ýetmek mümkinçiligine eýedir.

Täze ulagyň kuwwat berijisi 18 minutda dolup, ol bu güýç bilen 400 kilometr menzil aşyp bilýär. Ulagyň daşky we içki bezeg işleri hem haýran galdyrýar. Olarda üýtgeşik enjamlar ulanylýar. Awtoulag taslananda ony adaty wagtda hem-de sport ýaryşlarynda ulanmak üçin 3 tapawutly funksiýalar göz öňünde tutulypdyr.

Taýýarlan Akynyýaz SAPARGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar