«Ford Motor» awtoulag öndüriji kompaniýasy «Goldman Sachs» global awtoulag konferensiýasynda oňyn maglumatlaryny yglan etdi. Kompaniýa «F-150 Lightning» elektromobiline 200 müňe golaý sargytlaryň bardygyny, 2021-nji ýylda bolsa 22 müň «Mach-E» elektrik awtoulagynyň satylandygyny habar berdi. Şeýle-de «Ford Motor» kompaniýasynyň ýolbaşçylary kompaniýanyň elektrokarlary öndürmek boýunça beýleki kompaniýalar bilen bäsleşige başlaýandygyny aýtdylar. Olar ýene iki ýyldan ýyllyk önümçiligini 600 müň elektromobile ýetirip, «Ford Motor»-yň mukdary boýunça dünýäniň ikinji elektrik hereketlendirijide işleýän ulaglary öndürýän kompaniýa öwrüljekdigini nygtaýarlar.