«Toyo­ta Mo­tor» ABŞ-da ba­ta­re­ýa za­wo­dy­ny gu­rar

14 Dekabr 2021
1160

Ýa­po­ni­ýa­nyň aw­tou­lag ön­dür­ýan «Toyo­ta Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na­da (ABŞ) elektrik­leş­di­ri­len aw­tou­lag­lar üçin umu­my ba­ha­sy ABŞ-nyň 1,29 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bo­lan ba­ta­re­ýa ön­dür­ýän za­wo­dy­ny gu­rar. De­mir­ga­zyk Ka­ro­li­na­nyň mer­ke­zin­de gu­rul­ma­ly za­wod, ABŞ-nyň bu şta­tyn­da 1750 iş ýe­ri­ni dö­re­der. Önümç­lik des­ga­sy­na ma­ýa go­ýum­la­ry 2031-nji ýy­la çen­li harç­la­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le-de «Toyo­ta»-nyň tä­ze za­wo­dy kom­pa­ni­ýa­nyň okt­ýabr aýyn­da yg­lan eden elekt­rik ulag­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi üçin goý­be­ren, tak­my­nan, ABŞ-nyň 3,4 mil­liard dol­la­ryna barabar ma­ýa go­ýu­myn­dan hem ma­li­ýe­leş­di­ri­ler. Ge­çen söw­da­lar­da «Toyo­ta»-nyň bir paý­na­ma­sy­nyň ba­ha­sy 2068 ýe­na ba­ra­bar bol­dy.

Taýýarlan: Mekan AKYÝEW,
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar