Sanly bilim ulgamy ösdürilýär

17 Dekabr 2021
1260

Eşretli zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan sanly ulgama geçmek baradaky strategik maksatnamalary esasynda ýörite bilim edaralarynyň elektron serişdeler bilen üpjün edilmegi, baýlaşdyrylmagy we bu işiň kämil derejede ýola goýulmagy jemgyýetimiziň intellektual kuwwatynyň has hem kämilleşmegine, bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna itergi berdi. Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazanan enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze döwrebap bilim ojaklarynda ýagty gelejegimiziň eýeleri bolan ýaşlarymyza ähli mümkinçilikler döredilip berildi.

Dünýäniň ähli döwletlerinde bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda hem sanly ulgama geçilmegi bilen, diňe bir talyp ýaşlaryň däl, eýsem, halypa mugallymlaryň hem elektron maglumatlaryny giňden peýdalanmaklary we ulanmaklary üçin ähli şertler döredilip berildi. Şeýle hem uzak aralykdan (medisina, psihologiýa, žurnalistika, taryh) sapaklaryň guralmagy talyplaryň, professor-mugallymlaryň ylmy işleri bilen tanyşmagy we baýry ýokary okuw mekdepleri bilen wideoaragatnaşyk esasynda bir ulgama birigip sapaklaryň guralmagy has hem kämilleşdirilýär. Bu işde hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» orny hem örän ýokarydyr. Sebäbi bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilimli, ösen tehnologiýalara erk edýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, sanly ulgama çekmek ýaly aýdyň maksatlary öňde goýýar. Şu nukdaýnazardan hem häzirki wagtda institutymyzyň binýadynda ornaşdyrylan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň gerimi has-da giňeldilýär. Belent maksatlar esasynda işlenip düzülen sanly bilim portalynyň düýpli ornaşdyrylmagynyň çäklerinde ýola goýlan onlaýn sapaklara, wideoaragatnaşykda geçirilýän umumy we amaly okuwlara talyp ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy bolsa ýokary derejeli hünärmenleriň kemala gelmegine şert döredýär.

Hatyja AMANOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar