Hytaýyň «Huawei» tehnologiýa kompaniýasy täze smartfonynyň üstünde işleýär. Aziýanyň akyl-tehnologiýa ägirdi täze eplenýän smartfony bu bölümçedäki beýleki enjamlar bilen, mysal üçin, geçen tomsuň ahyrynda çykan «Samsung Galaxy Z Flip 3» bilen bäsleşip biler. Täze döredilen enjam «Huawei Mate V» ýa-da «Huawei Mate V Flip» diýlip atlandyrylar. Şol birwagtyň özünde täze smartfon beýleki kybapdaş telefonlardan arzan bolar.
Smartfonyň satlyga çykaryljak senesi mälim edilmedi, ýöne bilermenler enjamyň önümçiliginiň eýýäm başlanandygy barada habar berdiler.