Biri-birinden zyýada ýyllar
Halk senenamasy boýunça ýylan ýyly ýetip gelýär. Taryhçy alymlaryň tassyklamaklaryna görä, ýylanyň keşbi örän köp zatlarda — gündelik ulanylýan gap-gaçlarda, möhürlerde we köşk bezeglerinde hem şöhlelenipdir. Gadymy Änew metjidiniň girelgesiniň ýokarsynda, gök reňk bilen syrçalanan ýuka kerpijiň ýüzünde iki sany ýylan görnüşli aždarha şekillendirilipdir. Edil şeýle keşpleri öňki döwürlerde tanymal serkerdeleriň göteren baýdaklarynda hem görmek bolýar. Gündogar halklarynda ýylan pähim-parasadyň, sabyrlylygyň, baýlygyň, mertligiň we eserdeňligiň nyşany hasaplanypdyr.