«Türkmenistan hemişe ýüregimde ýaşaýar»
Arsen ŞAHUNS,russiýaly aýdymçy: — Men Mary şäherinde doguldym. Şonuň üçin bu gün men öz Watanymda. Bu ýerdäki ähli zat meniň üçin eziz. Duz nesibäm çekip, özge ýurtlara gitsem-de, Türkmenistan we türkmen halky hemişe ýüregimde ýaşaýar. Meniň aýdymlarymyň köpüsi hut şu söýgüden döredi. Döredijiligiň nämedigini, gowy eserleri döretmek üçin nähili yhlas etmelidigini Türkmenistanda sungat mekdebinde okaýan döwürlerim öwrendim. 6 ýaşymdakam özümden 10 ýaş uly doganym Aleksandr sungat mekdebinde okap, klarnet saz guralynda saz çalardy. Bir günem ol dosty bilen öýe gelende, maňa fortepiano saz guralynda birki sany notanyň çalnyşyny görkezdi. Doganym bilen bilelikde saz çaldyk. Şeýle pursatlaryň yzygiderli gaýtalanmagy meni aýdym-saza imrindirdi. Soňra menem sungat mekdebine okuwa girdim. Şeýlelikde, doganym meni bu jadylaýjy sungata ugrukdyrdy. Soňra onuň bilen bilelikde birnäçe aýdym döretdik. Şu günki konsertde şol aýdymlaryň türkmenistanly diňleýjilerimiziň henizem ýadyndadygyna şaýat bolduk.