"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň Garaşsyzlygyň aýdyň ýolunda ykdysadyýetimiziň gazanýan uly üstünlikleriniň özboluşly görkezijisine öwrüljekdigine, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini giňden ýaýmakda möhüm orny eýelejekdigine berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara ylmy maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçirilýän, Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşiriň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni-durmuş wakalaryny beýan etmekden, milli arhiw gaznasynyň resminamalary esasynda türkmen edebiýatyna, ylmyna uly goşant goşan meşhur ýazyjylaryň, alymlaryň döredijilik ýoluny açyp görkezmekden hem-de milli arhiw işiniň gazananlaryny wagyz etmekden ybaratdyr. Žurnalyň nobatdaky sany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp şygry, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlary hem-de Kararlary, döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň möhüm halkara forumlardaky, döwlet derejesindäki çärelerdäki çykyşlary, Mejlisiň resminamalary, kanunçylyk, kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen açylýar. Neşirde täze taryhy döwrüň jemgyýetçilik-syýasy wakalary baradaky makalalara aýratyn orun berilýär.

Astana sammiti: Aziýanyň ýüreginden ýewropanyň merkezine çenli

Pederlerden galan pent bar: «Ýeke ýöräp tiz gidip bilersiňiz. Emma diňe birleşip, bileleşip, uzak menzilleri aşyp bolar». Öňňin, 17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitine gatnaşmak maksady bilen gazak paýtagtyna amal eden iş saparynyň hem uzak geljegi nazarlap, bilelikde hereket etmegiň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň çarhyna bat bermegiň möhüm pursadyna öwrülendigi aýdyňdyr. GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols we iri nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary-da öz içine alan bu sapar köpugurly gatnaşyklaryň täze gözýetimlerini açdy. Bitewi bähbitler, umumy maksatlar

Aragatnaşykçylara toý sowgady

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasy ulanmaga berildi. «Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň gurluşyk-abatlaýyş bölüminiň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan binada häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän iň kämil enjamlar ornaşdyryldy. Ol etrabyň şäher we oba ilatyna ýokary derejede aragatnaşyk hyzmatlaryny ýetirmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan öndürilen ýörite enjamlar bilen üpjün edilen bölümde etrabyň edara-kärhanalaryna, müşderileriň üç müňden gowragyna hyzmat edilýär. Etrap aragatnaşyk bölüminiň döwrebap binasynda şäherara telefon aragatnaşygy, telefakslar, fakslar arkaly habarlary ýollamak nokatlary, abunaçylara gündelik neşirleri, žurnallary bökdençsiz paýlamaga we beýleki poçta hyzmatyny etmäge niýetlenýän bölümler, internet kafesi, ýörite otaglar ýerleşýär. Täze binanyň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde welaýatyň sungat ussatlary ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Dabaraly çärede edilen çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

Täze bina — kämil hyzmat

Düýn «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Tagtabazar etrap aragatnaşyk bölüminiň täze döwrebap edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Bu bina etrap merkezine aýratyn gözellik berýär. Täze binanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda ulanmaga berilmegi sebitiň ýaşaýjylarynyň baýramçylyk ruhuny arşa göterdi. 2 gatdan, 16 sany önümçilik we iş maksatly otaglardan ybarat bina sanly ulgamyň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi etrabyň ýaşaýjylaryna aragatnaşyk hyzmatynyň dürli görnüşini ýokary hilli guramaga ýardam berer. Dabara gatnaşanlar ilata ýokary hil derejesinde aragatnaşyk hyzmatlaryny ýetirjek etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasyny gurduryp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdyp, olara jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler. Bagtyýar ildeşlerimiziň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Bugdaý — rysgal-berekediň gözbaşy

Ýurdumyzda ak bugdaýyň «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» sortlary döredildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýerden bol hasyl öndürmek üçin döredip beren mümkinçiliklerinden, kömekdir goldawlaryndan netijeli peýdalanyp, edermen gallaçy daýhanlarymyz şu ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ussat gallaçylaryň bu gazanan zähmet ýeňşi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek ugrunda edýän aladalarynyň öz miwesini berýändiginiň aýdyň güwäsidir.

«Köňül ýola rowandyr...»

Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyny dünýä dillerine terjime eden daşary ýurtly şahyrlar, terjimeçiler barada gürrüň edilende, Hindistanyň Jemgyýetçilik ylymlary mekdebiniň dekany, professor Nasim Ahmad Şahyň ady biygtyýar seriňe dolýar. Nasim Ahmad Şah 2014 — 2017-nji ýyllarda Hindistanyň Kaşmir uniwersitetiniň Yslamy öwreniş institutynyň ýolbaşçysy wezipesinde işledi. Biz Nasim Ahmad Şah bilen iki gezek duşuşdyk. Birinji gezek 2014-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly maslahatyň çäginde onuň bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Ol maslahatda «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şu günki günde ähmiýeti» diýen temadan çykyş etdi. Sypaýylygy hem-de medeniýetliligi bilen biziň ünsümizi çeken alym maslahata akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň urdu dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny sowgat alyp gelendigini gürrüň berdi. Bu, sözüň doly manysynda, diňe maslahata gatnaşan ildeşlerimiz üçin däl-de, eýsem, dana Pyragynyň döredijiligini uludan sarpalaýan beýleki halklaryň wekilleri üçinem buýsançly waka bolupdy. 2014-nji ýylda Nasim Ahmad Şah türkmen-hindi medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularyny urdu diline terjime etmekde bitiren hyzmatlary üçin «Magtymguly Pyragy

Gadymy heýkeljiklerdäki şekiller

Günorta Türkmenistanyň gadymy Änew ekerançylyk-maldarçylyk medeniýetiniň eneolit döwrüne degişli birnäçe ýadygärliklerinden örän täsin heýkeljikleriň giden bir topary tapyldy. Bu tapyndylar şekilleri we nyşanlary öwrenmäge uly gyzyklanma döredýär. Gadymy heýkeltaraşlar toýundan heýkeljikleri ýasanlarynda, olaryň saçlaryna timar berlişi, başgaplary we daşky sypaty bilen bagly zatlara aýratyn üns bermek bilen, heýkeljikleriň göwresine, eginlerine hem-de boýunlaryna dürli görnüşli syrly belgileri we nyşanlary çekipdirler. Bu iş heýkeljikler entek çigkä, olaryň üstüne ýiti gural bilen çyzyklar çekip ýa-da ýelmemek usuly bilen ýerine ýetirilipdir.

Belent sepgitleri nazarlap

Düýn Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynda ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerine hem-de geljekki iri halkara we döwlet çärelerine görülýän taýýarlyk işlerine, gender deňligi boýunça döwlet syýasatynyň ýerine ýetirilişine bagyşlanyp, «Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwaty beýgelýär» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Merkezi bankyň bilelikde guramagynda geçirilen çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de käbir ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar ilki bu ýerde guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda milli gymmatlyklarymyzy, türkmen tebigatyny, owadan binalarymyzy şekillendirýän dürli sungat we zergärçilik eserleri ýerleşdirilipdir. Sergidäki eksponatlar barada Merkezi bankyň hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Bägül Çerkezowa:

Hyzmatdaşlygyň täze sepgitlerine ýetmek ugrunda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji “Merkezi Aziýa — Germaniýa” sammitine gatnaşdy Aşgabat — Astana — Aşgabat, 17-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşykdaky ÇYKYŞY

(Astana şäheri, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabry) Hormatly jenap Federal Kansler!Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!Hanymlar we jenaplar!Wekiliýetleriň agzalary!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýanyň Federal Kansleri bilen duşuşygy

Astana, 17-nji sentýabr (TDH). Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilýän “Merkezi Aziýa — Germaniýa” formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ynanyşykly we özara hormat goýmak esasynda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Astana, 17-nji sentýabr (TDH). Şu gün Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Gazagystanyň paýtagtynda geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow german işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Ýygnananlar GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanmanyň köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, döwletimizde daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly mümkinçilikler bilen şertlendirilendigini bellediler.

Milli döwletliligiň daýanjy

Il bähbidine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Halk Maslahaty jebisligiň möhüm instituty bolup durýar. Ol milli döwlet gurluşynyň ýörelgelerini kämilleşdirýär hem-de olaryň häzirki zaman şertlerinde pugtalandyrylmagyny üpjün edýär. Onuň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletiň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Bular boýunça öňde durýan möhüm meseleleri maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmegiň, wezipeleri anyk kesgitlemegiň aýratyn uly ähmiýeti bar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Halk Maslahaty adamlary beýik maksatlaryň daşynda birleşdirmekde, öňe alyp gitmekde uly güýç bolup çykyş edýär. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek hem-de onda döwlet ösüşinde gazanylan üstünlikleriň jemlerini jemlemek, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak babatda tabşyryklary berdi. Şoňa laýyklykda, mejlisi 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek hakynda Karar kabul edildi. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimiýetini amala aşy

«Akylly» şäheriň waspnamasy

Golaýda paýtagtymyzda geçirilen maýa goýum forumyna gatnaşyjylara gollanma hökmünde Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan täze neşirler çap edildi. Şolaryň ilkinjisi «Arkadag şäheri — döwrüň beýik gudraty» diýlip atlandyrylýar. Adyndan belli bolşy ýaly, kitapçada diňe ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde hem ilkinji «akylly» şäher hasaplanýan Arkadag şäheri hakynda gürrüň edilýär. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhy ösüşleriniň aýdyň nyşany bolan bu ajaýyp şäheriň nobatdaky waspnamasydyr. Mundan ozal «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitap hem uly ösüşlere, özgerişliklere eýe bolýan, türkmen ykdysadyýetiniň gudratyny jahana ýaýyp, dünýäni haýrana goýýan täze şäheriň tarypnamasy bolup halkymyza gowşupdy. Täze kitapça hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň gazanýan üstünlikleriniň aýdyň mysalydyr. Täze şäher häzirki zamanyň ýaşamak we işlemek, dynç almak üçin iň amatly, kämil şäherleriniň biri boldy» diýen sözleri bilen açylýar. Täze şäheriň durmuşyny şöhlelendirýän owadan suratlar neşiri has gyzykly, täsin we özüne çekiji edýär. Onuň her bölümine degişli suratlary synlanyňda, şähere gaýybana syýahat edýärsiň. Kitapçada şäheriň «akylly» durmuş infrastrukturasy, «ýaşyl» ekoulgamy, halkara hyzmatdaşlygy ilerletmekdäki ähmiýeti, depginli dowam edýän nobatdaky gurluşyklary giňden teswir

Ýaşlar ekologik abadançylygyň tarapdary

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda howanyň üýtgemegi boýunça milli ýaşlar maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar. Maslahatyň maksady ýaşlaryň arasynda howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe, daşky gurşawyň durnuklylygyna, biodürlülige edýän täsiri, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, täsirini gowşatmaga ýardam berýän öňdebaryjy çözgütleri durmuşa geçirmäge degişli umumy çemeleşmeleri kesgitlemekden, bu babatda ýaşlaryň öňe sürýän tekliplerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bu maslahat şu ýylyň noýabrynda Azerbaýjan Respublikasynda geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň 19-njy bütindünýä maslahatynda (COY19) türkmenistanly ýaşlaryň daşky gurşawy goramak we ekologik meseleler bilen bagly öňe sürjek tekliplerine garamak üçin amatly mümkinçilikdir. Onuň dowamynda ýaşlaryň öňe süren teklipleri BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynyň (COP29) çäklerinde kabul ediljek ählumumy resminamalara goşular.

Arassa suw — saglygyň sakasy

Şanly Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen eşretleri barada oýlananyňda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gysga wagtda gurlan agyz suwuny arassalaýjy desgalar hem göz öňüňde janlanýar. Ynsan saglygynyň esasy diregi we bedenimiziň iň köp talap edýän arassa agyz suwy ynsana ýaşaýyş üçin howadan soňky zerurlyk hasaplanýar. Bu hakykata hemmeden gowy düşünýän Gahryman Arkadagymyz agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň ençemesini gurduryp berdi. Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherindäki Agyz suwy müdirliginiň Mukry suw arassalaýjy desgasy hem şolaryň biridir. Her gije-gündizde 50 müň kub metr suwy arassalamaga mümkinçiligi bolan bu desganyň açylyşyna 2015-nji ýylda Milli Liderimiziň özi gatnaşyp, arassalanan suwdan dadyp görmek bilen, onuň hiline ýokary baha beripdi. Ine, şol günden bäri bu möhüm desga Magdanly şäheriniň we Köýtendag etrabynyň ilatyny süýji suw bilen begendirip gelýär. — Mukry şäherçesiniň golaýynda, Amyderýanyň kenarynda gurlan bu desga häzirki zamanyň ösen tilsimatlary bilen üpjün edilen. Onda ähli işler kompýuterler arkaly dolandyrylýar. Amyderýanyň läbik suwy doly arassalanýança, birnäçe bölümleriň, süzüjileriň üstünden geçýär. Suwy arassalamak işine himiki we fiziki jisimleriň birnäçesi gatnaşýar. Arassalanmaly suw, ilki bilen, sygymy 500 müň kub metrlik çökdüriji howdana gelýär. Bu ýerde suw bilen baglanyşykly ähli işler ýerine ýetirilensoň, arassalanan s

Syrly dünýä

Türkmen zenanlarynyň syrly dünýäsiniň açaryny el halysyndan gözleseň bolar. Ene-mamalarymyzyň çeper elleriniň başarnygy bilen dörän türkmen halylarynda okalmadyk syrlar kän. Gahryman Arkadagymyz: «Asyrlaryň dowamynda türkmen halysyna «Syrlardan dokalan gözellik» diýip at beripdirler» diýýär. Milli Liderimiziň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» ýaly ajaýyp eserlerini okanyňda, gadymy oguz zenanlarynyň haly nagyşlarynyň arasynda gizlän syrlarynyň üstünden barýarsyň. Halynyň syrly nagyşlarynda ene-mamalarymyzyň köňül arzuwlary bilen birlikde, Oguz han atamyzyň tagmalaryny, nyşanlaryny, aw guşlarynyň şekilini görmek bolýar. Asyrlar aşan gadymy nusgalar biziň günlerimize çenli gelip ýetip, Döwlet baýdagymyzyň ýüzündäki bäş sany haly gölüniň nagyşlarynda hem Oguz han atamyzyň öz milletine sargyt eden nyşanlarynyň birnäçesi bar. Ýeri gelende bellesek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda paýtagtymyzda geçirilen «Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi» atly maslahatda guralan amaly-haşam sungatynyň we muzeý gymmatlyklarynyň sergisinde ýüpek halylaryň bölümindäki Pazyryk halysy hemmäniň ünsüni özüne çekdi. Tapylanyna iki asyr geçen Pazyryk halysy dünýäde iň gadymy haly nusgalarynyň biri. Onuň asyl nusgasy Altaý daglarynyň baýyrlaryndan tapylýar. Bu täsin tapyndy dünýäniň alymlarynda, arheologlarynda, taryhçylarynda, syýahatçylarynda, ýazyjydyr žurnalistlerinde uly g

Ýol asuda — il abadan

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem guramaçylykly geçirilýär. Geçirilýän söhbetdeşliklere, duşuşyklara we maslahatlara bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri-de işjeň gatnaşýarlar. Orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylaryň arasynda «Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri», «Ýolyşyk — biziň dostumyz!», «Ýaşyl yşyk» ýaly bäsleşikleri geçirmek asylly däbe öwrüldi. Biraýlygyň dowamynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny düşündirmek, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek bilen baglanyşykly wagyz-nesihat duşuşyklary, ýolyşygyň düzgünleridir ähmiýetini açyp görkezýän dürli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty birnäçe esasy ugry özüne birikdirýär. Ýerüsti ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça we ýol hojalygynda işi düzgünleşdirmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri babatda bellenilen tertipde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzmek hem-de tassyklamak, bu babatdaky çäreleri maddy-tehniki, maliýe taýdan üpjün etmek, ulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy, raýatlara ýol hereketiniň kadalaryny hem-de talaplaryny öwretmegi guramak hökmanydyr. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny lukmançylyk taýdan üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek, howpsuzlyk bilen baglanyşykly