"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan parahatçylyk döredijilik taglymlaryny we täze sebitleýin taslamalary öňe sürýär

Geçen hepde döwlet we halkara derejeli möhüm wakalara baý boldy. Olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dünýä ýurtlary bilen netijeli dialogy ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasaty aýdyň beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň 9-njy sentýabrda geçiren iş maslahatynda oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda jogapkärli möwsümiň — bugdaý ekişiniň dowam edýändigine ünsi çekip, welaýatlarda bu işleriň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, kabul ediş harmanhanalarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyň pagta ýygymy möwsümine taýýar edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň daýhanlaryň irginsiz zähmet siňdirip ýetişdiren hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny, pudakda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny üpjün etjekdigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Andres Manuel Lopes Obradora we ýurduň ähli halkyna Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Andres Manuel Lopes Obradora tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Meksikanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň binasyny gurduryp berendigiňiz üçin Size Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň adyndan tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatyňyzyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Belent mertebeli Gahryman Arkadagymyz! Siziň beýik başlangyçlaryňyzdan binýady goýlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän belent sepgitlerden ruhlanyp, bu gün Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar, guwandyryjy ýeňişler gazanylýar, dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar barha rowaçlanýar. Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralary Täjigistanda ýaşaýan türkmenleriň arasynda hem uly şatlyk-şowhuna beslenýär. 1-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň açylmagy hem munuň aýdyň güwäsi bolup, ol türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan waka öwrüldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy

Arkadag şäheri, 15-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha artýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylaryň ÝÜZLENMESI

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Siziň parasatly baştutanlygyňyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň her bir güni şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Siziň ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylar bolan bize iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz eziz Watanymyza buýsanjymyzy we söýgimizi has-da artdyrdy. Siziň ata Watanymyzy gülledip ösdürmäge, halkara abraýyny has-da beýgeltmäge, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tutumly başlangyçlaryňyzyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

Aşgabat, 14-nji sentýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar. Şu gezekki forum dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýakyn gatnaşyklaryň hem-de olaryň ata Watanymyzda geçirilýän giň gerimli çärelere işjeň gatnaşmagynyň döwletimiz tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň güwäsi boldy. 1991-nji ýylyň maýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) işi Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan işleriň mazmuny we ugry ýylyň-ýylyna giňeldilýär, birleşigiň agzalary öz ýaşaýan ýerlerinde dürli çäreleri guraýarlar. Bu günki gün DTYB döwletimiziň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda, türkmen halkynyň medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny wagyz etmekde, taryhyny we dilini öwrenmekde aýratyn orny bolan abraýly halkara gurama öwrüldi.

Bir suprada jem bolup

Geçen hepdäniň şenbe güni duz nesibesi gaýry ýurtlara çeken ildeşlerimiziň ençemesi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşmak üçin bir supranyň başyna jem boldular. Halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde, türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, edebiýatyny wagyz etmekde birleşigiň agzalaryna möhüm orun degişlidir. Biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilen maslahata gatnaşan türkmen doganlarymyzyň käbiriniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Abdyrahman AHMET ogly,Owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň başlygy:

Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de

Hal­ka­ra gim­nas­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mo­ri­na­ri Wa­ta­na­be­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet sa­par bi­len Türk­me­nis­ta­nda boldy. We­ki­li­ýe­tiň ag­za­la­ry de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça türk­men ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri bi­len du­şuş­dy­lar hem-de paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­ne we bir­nä­çe me­de­ni ojak­la­ry­na ba­ryp gör­dü­ler. Hal­ka­ra gim­nas­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti M.Wa­ta­na­be­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň, ýur­du­my­zyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Oraz­dur­dy­ýe­wa­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň, şeýle-de Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň baş sek­re­ta­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li amala aşyrylýan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de türk­men spor­tu­nyň hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re ýe­ti­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da spor­tuň ösen mil­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek, olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, ila­tyň sag­ly­gy­ny we hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, dün­ýä de­re­je­sin­de spor­tuň döw­re­bap mad­dy-en­jam­la­ýyn üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny dö­ret­mek ba­bat­da uly iş­le­riň durmuşa geçiril

«Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil...»

Pas­la gö­rä ge­ýin­me­li; Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­ly. Zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­ma­ly;

Bir­ža tä­ze­lik­le­ri

Ge­çen hep­de­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 37-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt pu­lu­na Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň, Öz­be­gis­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň işe­wür to­par­la­ry­nyň we­kil­le­ri “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy, uçar ke­ro­si­ni­ni, aw­to­ben­zi­ni, bin­ýat­lyk ýa­gy, gid­ro usul­da aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny, Tür­ki­ýä­niň, Pa­kis­ta­nyň, BAE-niň, Öz­be­gis­ta­nyň, Ow­ga­nys­ta­nyň işe­wür­le­ri “Türk­men­hi­mi­ýa” döw­let kon­ser­ni­niň kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len ECO-93 ky­sym­ly aw­to­ben­zi­ni, kar­ba­mi­di sa­tyn al­dy­lar. Mun­dan baş­ga-da, da­şa­ry ýurt pu­lu­na Hy­ta­ýyň, BAE-niň, Ga­za­gys­ta­nyň, Uk­rai­na­nyň te­le­ke­çi­le­ri­ne dok­ma se­na­ga­ty önüm­le­ri, nah ýüp­lük, aras­sa­la­nan nah ýüp­lü­giň ga­lyn­dy­la­ry ýer­le­nil­di. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 76 mil­lion 375 müň dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gul­­lugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Bal­kan we­la­ýa­tyn­da üýt­gäp dur­ýan bu­lut­ly ho­wa bo­lup, hep­dä­niň ba­şyn­da we or­ta­syn­da ýa­gyş ýa­gar. De­mir­ga­zyk-gün­ba­tar­dan gün­do­ga­ra ug­ru­ny üýt­ged­ýän, tiz­li­gi se­kunt­da 8 — 13 metr­den 12 — 17 met­re ýet­ýän şe­mal öw­ser. Ho­wa gi­je­le­ri­ne +16... +21 gra­dus­dan +19... +24 gra­dus ara­ly­gyn­da ma­ýyl, gün­diz­le­ri­ne +27... +32 gra­dus, we­la­ýa­tyň ke­nar­ýa­ka et­rap­la­ryn­da +24... +29 gra­dus ma­ýyl bo­lar.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi guralar

13-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisini guramak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 13-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada-da aýdyldy. Bu ugurdaky işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alnyp barylýar.

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatyna gatnaşyjylara

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary!Mähriban doganlar! Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Her bir güni milli we halkara ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçirilýän bu maslahatyň ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy pugtalandyrmakda, dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda has-da jebisleşdirmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Garaşsyzlyk bagty dünýä türkmenleriniň ykbalyny gülletdi

Garaşsyzlyk baýramy diňe bir bagtyýar watandaşlarymyzyň däl, eýsem, geçmişde dünýäniň dürli döwletlerinde mesgen tutan doganlarymyzyň hem sabyrsyzlyk bilen garaşýan iň arzyly toýy. Sebäbi türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň: «Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny almagy diňe bir Türkmenistanyň raýatlarynyň däl, taryhyň dürli döwürlerinde Ýer ýüzüniň ençeme ýurtlaryna düşen ildeşlerimiziň hem ykbalyna täsir etdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmen döwleti dünýäniň ähli türkmenleriniň ata Watanyna öwrüldi» diýşi ýaly, Garaşsyzlyk gudraty birmahallar duz nesibesi daşary ýurtlara çeken türkmenleriň, olaryň nesilleriniň ählisini ata Watanly etdi. Indi dünýä türkmenleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany özleriniň ruhy dünýäsine bagtyýarlyk nuruny çaýýan seždegähi hasaplaýarlar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi Zeminiň dürli künjeginde mesgen tutan türkmenleri bir supranyň başynda didarlaşdyrýan, olaryň ata Watanymyz bilen ykdysady, telekeçilik, medeni-ynsanperwer, sport ýaly ulgamlardaky hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, milletimiziň taryhy, edebi we medeni mirasyny, halkymyzyň däp-dessurlaryny, döwletimiziň köpugurly ösüşlerini halkara giňişlikde wagyz etmekde alyp barýan işlerine ýardam edýän guramadyr. Şeýle bolansoň, häzirki döwür

Ýakyn goňşy bilen uzak geljege

aýgytly gadamlar, döwletli tutumlar Gijaralar Mary şäheriniň demir ýol menzilinden ugraýşyna, bütin gijäni öňüne salyp ýol külterlän otly daň saz berende, ýurduň iň günorta künjegine — Serhetabada baryp ýetdi. Güýz säheri, hoştap howa göwnüňi göterýär. Dogup gelýän Günüň tylla çyrazlary bolsa bu senäni taryha sap altyndan ýazmaga howlugýan ýalydy göýä. Ýörite niýetlenen ulaglara münüp, belentli-pesli baýyrlaryň arasy bilen ýüzümizi günorta-gündogara tutup barşymyza, bir sagat çemesi wagt geçiberensoň, «Islim-Çeşme» serhet nokadynda ýörite gurnalan dabara merkezi göze ildi. Hatar-hatar ak öýler, bedew ata atlanyp, ellerinde ýaşyl tugumyzy pasyrdadyp barýan ýigitler, gyzan Gündogar bazary, ellerine «Ýaşasyn türkmen-owgan dostlugy!», «Arkadagyň ak ýoly — röwşen geljegiň ýoly», «Hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn hyzmatdaşlyk» ýaly şygarlaryň haşamly ýazgylaryny göterip, myhmanlary mübärekleýän ýaşlar giň sährany toýa besläpdir...

Magtymgulynyň goşgulary polýak dilinde

Nikolaý WASKIW, Taras Şewçenko adyndaky Kiýew milli uniwersitetiniň Ukrain dilini öwreniş ylmy-barlag institutynyň baş ylmy işgäri, professor, filologiýa ylymlarynyň doktory. 2024-nji ýylda türkmen halky we dünýä jemgyýetçiligi görnükli şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belleýär. Oňa taýýarlygyň çäklerinde türkmen alymlary, žurnalistleri nusgawy şahyryň eserleriniň dünýä dillerine edilen terjimelerine, Aziýanyň, Ýewropanyň hem-de beýleki sebitleriň dürli ýurtlarynda şahyryň döredijiliginiň wagyz edilişine degişli maglumatlary toplaýarlar. Bu işe özümiň hem dahylly bolandygyma buýsanýaryn.

Şota Rustaweliniň watanynda dana Pyraga sarpa

Her bir halkyň beýikligi, esasan, dünýä beren meşhur şahsyýetleri bilen kesgitlenilýär. Halkymyzyň beýik ogullarynyň biri Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy hem bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolmak bilen, bütin dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Çünki dana Pyragy öz şygyrlarynyň üsti bilen halklary agzybirlige, dost-doganlyga, ynsanperwerlige çagyran, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyny arzuwlan şahyrdyr. Şu ýyl bolsa söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip, ýakyn-u-alys ýurtlarda dürli mazmunly çäreler geçirilýär, şahyryň şygyrlary onlarça dile terjime edilip, kitap görnüşinde okyjylara ýetirilýär. Öňňin Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysyny tanyşdyrmak maksady bilen guralan dabara-da munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Tanyşdyrylyş dabarasyna Gruziýanyň Parlamentiniň, Daşary işler, Medeniýet we sport, Bilim, ylym we ýaşlar, Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, dostlukly ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, Milli ylymlar akademiýasynyň, Milli golýazmalar merkeziniň, Ýazyjylar döredijilik birleşiginiň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, žurnalistler gatnaşdylar. Şunda oňa gatnaşmak üçin ylmy jemgyýetçiligiň wekillerinden, m

Koreý dilindäki kitaplar sowgat berildi

Düýn paýtagtymyzdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermegi bilen, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan koreý dilini öwrenýän okuwçylara okuw gollanmalarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu çäre dostlukly türkmen-koreý gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer ugur boýunça has-da pugtalandyrylýandygynyň hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2008-nji ýyldan bäri koreý dili we edebiýaty hünäri boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Aşgabatdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdep bolsa ýurdumyz boýunça okuwçylara koreý dilini öwredýän ýeke-täk döwlet bilim ojagydyr.