"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Abdelmajid Tebbuna Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Biz Türkmenistan bilen Alžiriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we onuň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

Watanymyzyň Garaşsyzlygy — gülläp ösüşleriň kepili

Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu forum aýratyn ähmiýete eýedir. Garaşsyz Türkmenistan ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan ýurt hökmünde ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä äşgär edýär.

Oba hojalyk pudagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Paýtagtymyzda halkara ylmy maslahat we sergi geçirilýär Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahat hem-de onuň çäklerinde Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda gazanylanlaryň sergisi açyldy. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän forum Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we beýleki döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag, önümçilik merkezleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini bir ýere jemledi.

Öňdebaryjy tejribeleri özleşdirip

Düýn paýtagtymyzda öz işine başlan Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata degişli pudakda iri taslamalary durmuşa geçirýän öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri, türkmen we daşary ýurt alymlary gatnaşdylar. Biz hem tejribeli oba hojalykçylaryň, alymdyr hünärmenleriň, işewürleriň käbirleriniň bu ylmy maslahatyň geçirilmeginiň maksady barada beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Wasiliý WOLOŞIN,Gazagystan Respublikasynyň «Agro Pro Trade» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň direktory:

«Ýaşyl» we «akylly» şäher — täze eýýamyň nyşany

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen badalga berlen we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tutanýerli tagallalary esasynda gurluşygy dowam etdirilýän Arkadag şäheri entek taryhymyzda, şol sanda tutuş sebitde görlüp-eşidilmedik iri şähergurluşyk taslamasydyr. Ol bary-ýogy dört ýylyň içinde Köpetdagyň ajaýyp eteginde dörän iň döwrebap şäherdir. Mälim bolşy ýaly, gurluşygyň birinji tapgyrynyň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Häzir onuň gurluşygynyň ikinji tapgyry üstünlikli amala aşyrylýar. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolmagy, şeýle hem “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy ýurdumyzyň şähergurluşyk ulgamynda innowasion esaslara daýanýan başlangyçlaryň hem-de çözgütleriň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändigini we goldanylýandygyny görkezýär. Arkadag şäheri döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň häzirki zaman şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol ýurdumyzda başy başlanan uly maksatlaryň ýokary derejede amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.

Işewürleriň baýramçylyk sowgatlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän syýasat ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzy röwşen geljege alyp barýar. Ýurdumyzda her ýyl medeni-durmuş we önümçilik maksatly köp sanly binalardyr desgalar gurlup ulanmaga berilýär. Diýarymyzyň sebitlerinde täze şäherçeler, döwrebap obalar peýda bolýar. Ýurdumyzda bina edilýän ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň, sport toplumlarydyr mekdepleriniň... gurluşygyna türkmen işewürleri işjeň gatnaşýarlar. Olaryň güýji bilen soňky birki ýylyň içinde medeni-işewürlik maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berildi. Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Netijede, işewürlere giň gerimli, iri taslamalaryň gurluşyklary-da ynanylýar.

Il agzy

Könekileriň «Alla gözden salmasyn!» diýen sözleri, gepiň gerdişine görä, heniz-henizlerem ulanylagan. Ol-a, adama ilki buýrulan söz eken, sebäbi bolmasa çöp başy gymyldaýamy diýsene! Gelende aglap, ýöne begendirip, gidende agladyp gidýän adam oglunyň şu ikaradaky ömür diýlip goýberilen, kime näçeräkligi näbelli pursadynda bar zat sebäpli. Sen onuň şeýledigini inkär etjek bol, başartmaz, ykrar tarapyna geçeniňi, şonluk bolanyňy duýmanlar galarsyň. Döreýiş taryhy milliardlap, millionlap ýyllary hasyl eden zamanadyr eýýamlaryň içinden geçip gaýdan ummanlardyr deňizler öz-özünden dörändir öýdýäňizmi? Ýok-la. Munda bisebäp zat barmy? Heniz gaty gadymy, juda irki döwürden söz açylsa, ony Nuh eýýamyna, Nuhuň tupanyna deňelegen. Nuh ata halas bolmak üçin gämä münäýmänkä, ýokardan gelen buýruk bilen her jandardan bir jübütini ýanyna alýar. Gidip barşyna günleriň birinde gury ýere gözi düşmezmi? Munuň şeýle boljagyny heniz ýoldaka agzy guruja çöpli kepderiniň bolşundan-da oraşan aňan Nuh, aman-sag ýere düşýär. Dünýäniň süri-süri dowarynyň urbalygy Nuh atanyň gury ýere çykaran mallaryndan bolarly. Biziňkilerde «Dowar başy dörtden, düýe başy birden» diýen gürrüň bar. Ol goýun ýa düýe urbasyny tutunjagyň gürrüňi. Urba edinjek bolýan goýun bolsa Musasynda, düýe bolsa Weýis babasynda belli maly göz astyna alagan bolýar. Urbasy şeýde-şeýde tutulan mal, elbetde, orta mekdebiň matematikasyndaky

Biologiýa dersinden bäsleşdiler

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň toýlanýan günlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda baýramçylyk çäreleridir bäsleşikler biri-birine ulaşýar. 18-nji sentýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan tertibe laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda biologiýa dersinden geçirilen bäsleşik hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesilleriň tebigy zehin-başarnygyny hem-de şahsy mümkinçiliklerini ýüze çykarmak we höweslendirmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen ders bäsleşiginiň esasy maksady Türkmenistanda tebigy ylmy ugurlar boýunça bilim-terbiýe bermekdäki milli standartlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşik biologiýanyň ylmy we amaly meselelerini derňemäge ukyply ýaşlary ýetişdirmekde, olaryň bu ders boýunça bilimlerini has-da artdyrmakda, umumybilim berýän orta mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hem-de mekdep okuwçylaryny hünäre ugrukdyrmakda netijeli boldy.

Eser şekilli eserler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen şekillendiriş sungaty has ösýär we täze öwüşginler bilen baýlaşýar. Halkymyzyň baý milli mirasyny dünýä ýaýmakda, medeniýeti we sungaty ösdürmekde taryhda yz galdyran şahsyýetlerimize aýratyn sarpa goýulýar. Köp ýyllaryň dowamynda sungatda taplanyp, ussatlyga ýetenleriň biri-de Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýewdir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XX ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Işanguly Işangulyýewiň eserleri çylşyrymly tapmaça ýaly, göçme manyly pikirleri özünde jemleýär. Suratkeşiň her bir eseriniň öz owazy, öz reňki, gahrymanlarynyň öz häsiýeti, taryhy ýerleriň öz manysy bar. «Togrul beg», «Mälik şa», «Baýram han», «Awçy», «Gorgan baba», «Köne gala», «Kutup minar», «Şapak», «Güýç we kuwwat», «Düýş», «Owaz», «Üç gelin» atly eserleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen sergilerde halk köpçüligine ýetirilýär we uly hormata mynasyp bolýar. Suratkeşiň işleri Türkiýäniň, Hindistanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we ABŞ-nyň şahsy ýygyndylaryna girizildi.

Innowasion çözgütlere daýanyp

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna, sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, milli ykdysadyýetiň düýpgöter täze nusgasyna geçmäge ýardam berýär. Sanly ykdysadyýet «tizlik», «amatlylyk», «tygşytlylyk» düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar ulgamynyň güýçli depginde ösmegi, ilata ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze, ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli pudaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Olarda göz öňünde tutulan çäreleriň hemmesi ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga, geljegiň sanly senagatyny döretmäge gönükdirilendir.

Ýaş boksçulardan goşa medal

Türkmenistanly türgenleriň ikisi Birleşen Arap Emirlikleriniň Al-Aýn şäherinde ýetginjek mekdep okuwçylarynyň arasynda guralan Aziýanyň boks çempionatynda bürünç medallara mynasyp boldular. Yklym ýaryşynda 26 ýurtdan 462 türgen güýç synanyşdy. Ýaryş 2008-2009-njy ýyllarda, şeýle-de 2010-2011-nji ýyllarda doglan mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirildi. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 10 türgen wekilçilik etdi, olaryň ikisi kiçi ýaş toparynda, sekizisi uly ýaş toparynda çykyş etdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!Gadyrly myhmanlar! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu serginiň Garaşsyzlygyň aýdyň ýolunda ykdysadyýetimiziň gazanýan uly üstünlikleriniň özboluşly görkezijisine öwrüljekdigine, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini giňden ýaýmakda möhüm orny eýelejekdigine berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan sergä hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara

Hormatly halkara ylmy maslahata we sergä gatnaşyjylar! Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçirilýän, Türkmenistanyň oba hojalygynyň gazananlaryna bagyşlanan serginiň hem-de «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler» atly halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

«Türkmen arhiwi» žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan türkmen we rus dillerinde neşir edilýän «Türkmen arhiwi» atly taryhy-resminamalaýyn, ylmy-usulyýet žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Neşiriň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni-durmuş wakalaryny beýan etmekden, milli arhiw gaznasynyň resminamalary esasynda türkmen edebiýatyna, ylmyna uly goşant goşan meşhur ýazyjylaryň, alymlaryň döredijilik ýoluny açyp görkezmekden hem-de milli arhiw işiniň gazananlaryny wagyz etmekden ybaratdyr. Žurnalyň nobatdaky sany Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly ajaýyp şygry, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlary hem-de Kararlary, döwlet Baştutanymyzyň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň möhüm halkara forumlardaky, döwlet derejesindäki çärelerdäki çykyşlary, Mejlisiň resminamalary, kanunçylyk, kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen açylýar. Neşirde täze taryhy döwrüň jemgyýetçilik-syýasy wakalary baradaky makalalara aýratyn orun berilýär.

Astana sammiti: Aziýanyň ýüreginden ýewropanyň merkezine çenli

Pederlerden galan pent bar: «Ýeke ýöräp tiz gidip bilersiňiz. Emma diňe birleşip, bileleşip, uzak menzilleri aşyp bolar». Öňňin, 17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Germaniýa» sammitine gatnaşmak maksady bilen gazak paýtagtyna amal eden iş saparynyň hem uzak geljegi nazarlap, bilelikde hereket etmegiň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň çarhyna bat bermegiň möhüm pursadyna öwrülendigi aýdyňdyr. GFR-iň Federal Kansleri Olaf Şols we iri nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary-da öz içine alan bu sapar köpugurly gatnaşyklaryň täze gözýetimlerini açdy. Bitewi bähbitler, umumy maksatlar

Aragatnaşykçylara toý sowgady

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasy ulanmaga berildi. «Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň gurluşyk-abatlaýyş bölüminiň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan binada häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän iň kämil enjamlar ornaşdyryldy. Ol etrabyň şäher we oba ilatyna ýokary derejede aragatnaşyk hyzmatlaryny ýetirmäge mümkinçilik berýär. Daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan öndürilen ýörite enjamlar bilen üpjün edilen bölümde etrabyň edara-kärhanalaryna, müşderileriň üç müňden gowragyna hyzmat edilýär. Etrap aragatnaşyk bölüminiň döwrebap binasynda şäherara telefon aragatnaşygy, telefakslar, fakslar arkaly habarlary ýollamak nokatlary, abunaçylara gündelik neşirleri, žurnallary bökdençsiz paýlamaga we beýleki poçta hyzmatyny etmäge niýetlenýän bölümler, internet kafesi, ýörite otaglar ýerleşýär. Täze binanyň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde welaýatyň sungat ussatlary ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Dabaraly çärede edilen çykyşlarda Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

Täze bina — kämil hyzmat

Düýn «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Tagtabazar etrap aragatnaşyk bölüminiň täze döwrebap edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Bu bina etrap merkezine aýratyn gözellik berýär. Täze binanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda ulanmaga berilmegi sebitiň ýaşaýjylarynyň baýramçylyk ruhuny arşa göterdi. 2 gatdan, 16 sany önümçilik we iş maksatly otaglardan ybarat bina sanly ulgamyň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi etrabyň ýaşaýjylaryna aragatnaşyk hyzmatynyň dürli görnüşini ýokary hilli guramaga ýardam berer. Dabara gatnaşanlar ilata ýokary hil derejesinde aragatnaşyk hyzmatlaryny ýetirjek etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasyny gurduryp beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdyp, olara jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan il-ýurt, umumadamzat bähbitli işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler. Bagtyýar ildeşlerimiziň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris.

Bugdaý — rysgal-berekediň gözbaşy

Ýurdumyzda ak bugdaýyň «Serdar», «Arkadag» we «Pyragy» sortlary döredildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýerden bol hasyl öndürmek üçin döredip beren mümkinçiliklerinden, kömekdir goldawlaryndan netijeli peýdalanyp, edermen gallaçy daýhanlarymyz şu ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Ussat gallaçylaryň bu gazanan zähmet ýeňşi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek ugrunda edýän aladalarynyň öz miwesini berýändiginiň aýdyň güwäsidir.

«Köňül ýola rowandyr...»

Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularyny dünýä dillerine terjime eden daşary ýurtly şahyrlar, terjimeçiler barada gürrüň edilende, Hindistanyň Jemgyýetçilik ylymlary mekdebiniň dekany, professor Nasim Ahmad Şahyň ady biygtyýar seriňe dolýar. Nasim Ahmad Şah 2014 — 2017-nji ýyllarda Hindistanyň Kaşmir uniwersitetiniň Yslamy öwreniş institutynyň ýolbaşçysy wezipesinde işledi. Biz Nasim Ahmad Şah bilen iki gezek duşuşdyk. Birinji gezek 2014-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary» atly maslahatyň çäginde onuň bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Ol maslahatda «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň şu günki günde ähmiýeti» diýen temadan çykyş etdi. Sypaýylygy hem-de medeniýetliligi bilen biziň ünsümizi çeken alym maslahata akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň urdu dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysyny sowgat alyp gelendigini gürrüň berdi. Bu, sözüň doly manysynda, diňe maslahata gatnaşan ildeşlerimiz üçin däl-de, eýsem, dana Pyragynyň döredijiligini uludan sarpalaýan beýleki halklaryň wekilleri üçinem buýsançly waka bolupdy. 2014-nji ýylda Nasim Ahmad Şah türkmen-hindi medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde hem-de Magtymguly Pyragynyň goşgularyny urdu diline terjime etmekde bitiren hyzmatlary üçin «Magtymguly Pyragy