Eser şekilli eserler

20 Sentýabr 2024
382

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen şekillendiriş sungaty has ösýär we täze öwüşginler bilen baýlaşýar. Halkymyzyň baý milli mirasyny dünýä ýaýmakda, medeniýeti we sungaty ösdürmekde taryhda yz galdyran şahsyýetlerimize aýratyn sarpa goýulýar.

Köp ýyllaryň dowamynda sungatda taplanyp, ussatlyga ýetenleriň biri-de Türkmenistanyň halk suratkeşi Işanguly Işangulyýewdir. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň iki gezek ýeňijisi, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň XX ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Işanguly Işangulyýewiň eserleri çylşyrymly tapmaça ýaly, göçme manyly pikirleri özünde jemleýär. Suratkeşiň her bir eseriniň öz owazy, öz reňki, gahrymanlarynyň öz häsiýeti, taryhy ýerleriň öz manysy bar. «Togrul beg», «Mälik şa», «Baýram han», «Awçy», «Gorgan baba», «Köne gala», «Kutup minar», «Şapak», «Güýç we kuwwat», «Düýş», «Owaz», «Üç gelin» atly eserleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen sergilerde halk köpçüligine ýetirilýär we uly hormata mynasyp bolýar. Suratkeşiň işleri Türkiýäniň, Hindistanyň, Hytaýyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň we ABŞ-nyň şahsy ýygyndylaryna girizildi.

Jeren PALLYKOWA,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ylmy-barlag bölüminiň hünärmeni.