Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna, sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, milli ykdysadyýetiň düýpgöter täze nusgasyna geçmäge ýardam berýär.
Sanly ykdysadyýet «tizlik», «amatlylyk», «tygşytlylyk» düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar ulgamynyň güýçli depginde ösmegi, ilata ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze, ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli pudaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Olarda göz öňünde tutulan çäreleriň hemmesi ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga, geljegiň sanly senagatyny döretmäge gönükdirilendir.